OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI ÖNDÜRMÄGE TELEKEÇILERIŇ MYNASYP GOŞANDY

Ýurdumyzyň telekeçileri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna görä, ýurdumyzda azyk önümleriniň aglaba bölegini hususy fermer hojalyklary we telekeçilik düzümleri öndürýärler.

2020-nji ýylda hususy pudakda 30 müň tonna golaý pomidor ýygnaldy, munuň özi geçen ýyldakydan dört esse köpdür. Fermerleriň atyzlaryndan kartoşkadan rekord hasyl alyndy – 37 müň tonna golaý bu azyklyk önüm we 13 müň tonna töweregi sogan ýygnaldy. Bakja ekinleriniň, gök-miwe önümleriniň, kösükli-däneli ekinleriň öndürilişi birnäçe esse ýokarlandy.

Türkmen telekeçileri suwarylýan täze ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň, miweli baglary we üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny artdyrmagyň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak babatda netijeli iş alyp barýarlar. Munuň özi içeri bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge we eksporty artdyramga mümkinçilik berýär. Hususan-da, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Russiýa Federasiýasyna we GDA ýurtlaryna ABŞ-nyň 19 million dollaryndan gowrak möçberde ekarançylyk önümleri, esasan-da bakja önümleri, üzüm hem-de alma ugradyldy. Mundan başga-da, telekeçiler süýji-köke we azyk önümleriniň öndürilişini birnäçe esse ýokarlandyrdylar.

Türkmenistan 2020-nji ýylda pomidoryň eksportuny 16700 tonna çenli artdyrdy. Hojalyklaryň köpüsi ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlary we ekinlere ideg etmegiň innowasion usullaryny ulanyp, ýyladyşhanalarda ýylboýy pomidor ýetişdirýärler. Ýurduň telekeçileri umumy meýdany 356 gektar ýerde ýüzden gowrak ýyladyşhana hojalyklaryny gurnadylar. Eýýäm indiki ýyldan umumy meýdany 1300 gektar ýyladyşhanalaryň 150-siniň açylmagy mümkin, bu bolsa ýapyk toprakda onlarça müň tonna gök-miwe, sitrus önümlerini ýetişdirmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik bilen, telekeçiler ýurduň ilatyny bu önümler bilen doly üpjün edip, ýurduň azyk howpsuzlygyna saldamly goşant goşarlar hem-de onuň eksport mümkinçiligini giňelderler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15101