«JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI MARK FON PENTS DÖWLET BAŞTUTANYNY WE TÜRKMEN HALKYNY HASYL TOÝY MYNASYBETLI GUTLADY

«John Deere» kompaniýasynyň adyndan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlaýaryn.

Häzir Türkmenistan gazanan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Siziň parasatly daşary syýasatyňyz halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy we ykrar edildi.

Siziň Alyhezretiňiziň makullan strategik taslamalaryňyzyň doly amala aşyrylandygyny habar bermäge şatdyryn. Biz borçnamalarymyzyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de Siziň görkezmeleriňiziň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalary edýäris» -diýlip hatda aýdylýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15097