TÜRKMENISTAN – HINDISTAN: KÖPÇÜLIKLEÝIN MAGLUMATLAR ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi.

Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de dünýä maglumatlar giňişligine goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn beýan etmek, halkara gatnaşyklaryny şöhlelendirmek, türkmen döwletiniň halkara derejesinde abrýyny belende götermek maksady bilen kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.

ANI-niň wekilleri şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk ýörelgelerine hem-de ýurdumyzyň maglumatlar syýasatyna esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň liderleriniň özara saparlarynyň barşynda kesgitlenilen esasy ugurlary bu agentlikleriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi.

Hususan-da, 2010-njy ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda türkmen Lideri Hindistanyň paýtagtynyň meşhur taryhy-binagärlik künjegine – türkmen halkynyň meşhur wekili hem-de şöhratly Baýram Han Türkmeniň ogly Abdyrahym Hanyň kümmetine baryp gördi. Olar Hindistanyň köp asyrlyk ýylýazgysynda öçmejek yz galdyrdylar.

Häzirki wagtda bu taryhy gatnaşyklar iki döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda. Şol sanda medeni-ynsanperwer ugurda mynasyp dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda 2015-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirilen gepleşikler türkmen-hindi gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi. Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika toplumy türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm ugy hökmünde kesgitlenildi.

Şunda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn orun degişlidir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlara möhüm ähmiýetli durmuş hem-de ynsanperwer meselelerini oňyn çözmäge mümkinçilik berer. Munuň özi ilknji nobatda goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi, gaz geçirijisiniň bütin ugry boýunça durmuş düzümleriniň kemala getirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Iň esasy zat bolsa türkmen Lideriniň öňe süren bu giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy üçin kuwwatly itergi berer. Taslama gatnaşyjy döwletleriň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkider.

Türkmenistan bilen Hindistanyň habarlar ulgamynda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi barha giň gerime eýe bolýan özara bähbitli we oňyn hyzmatdaşlyk hem-de 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda kesgitlenilen ösüş meýilleri bilen baglylykda aýratyn möhüm bolup durýar.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen Lideri hindi kompaniýalaryna oba hojalyk pudagy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Şeýlelikde, iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň depginleri maglumatlar ulgamynda has giň gerimli bilelikdäki işleri ýaýbaňlandyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

Taraplar wideoaragatnaşyk arkaly gol çekilen Ähtnama laýyklykda dessin habarlary, Türkmenistanyň we Hindistanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy hakyndaky seljerme makalalaryny yzygiderli alşarlar.

Asian News International agentligi Hindistanda, sebitde we tutuş dünýäde 100-den gowrak düzümi özüne birikdirýän Günorta Aziýada esasy multimedia habarlar agentligi bolup durýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15096