DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumynyň (IGF) her ýyl geçirilýän maslahatynyň çäklerinde şu günler wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän «Parlament tegelek» stoluna gatnaşdylar. Şu ýyl onuň on bäşinji maslahaty boldy.
IGF — 2020 Parlamentara birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan çärä adamlaryň durmuş we abadançylyk şertlerini, hususan-da, COVID-19 döwründe ynamy pugtalandyrmak hem-de ondan soňra dikeltmek usullary arkaly gowulandyrmakda internet tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, dünýäniň ähli künjeklerinden parlament agzalary ýygnandylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň IGF-niň çärelerine gatnaşmagy ýurdumyzyň maglumatlar jemgyýetini hem-de sanly tehnologiýalary ösdürmek babatynda gazananlarynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak işlerini milli ykdysadyýetde ulgamlaýyn meseleleriň çözülmeginde, netijede, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda ileri tutulýan mesele hökmünde kesgitledi.
Bellenilişi ýaly, bu forum öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin öz wagtynda döredilen oňyn meýdança bolup hyzmat edýär, munuň özi milli derejede Interneti dolandyrmak üçin kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligi boýunça yzygiderli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýandygy bellenildi.
Soňky ýyllarda Mejlis Türkmenistanyň “Aragatnaşyk hakynda” (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), “Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegi hukuk taýdan kadalaşdyrmak we Internet hyzmatlaryny etmek hakynda”, “Maglumatlar we ony goramak hakynda”, “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” we beýleki kanunlaryny kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy.
Bu resminamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, döwleti dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etjekdigini belledi. Konsepsiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik ulgamynyň işleriniň netijeliliginiň maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur düzümleriň, IT-kompaniýalarynyň ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, işgärler bilen üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmegi we beýlekiler esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Göz öňünde tutulan işleriň ýakyn ýyllarda amala aşyrylmagy bu Konsepsiýada anyk kesgitlenilen maksatlara ýetilmegini tizleşdirer.
Duşuşygyň barşynda durmuş dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda maglumat tehnologiýalarynyň orny nygtaldy. IT-tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyňadamlaryň häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmak işlerini gowulandyrmakda möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Şu ýyl Interneti dolandyrmak boýunça forumyň her ýylky maslahaty “Adam durnuklylygy we raýdaşlygy üçin Internet” diýen umumy at bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilýär.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15102