TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER

2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott, şeýle hem «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň Dolandyryjy direktory Den Tompstoun gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady, maliýe hyzmatdaşlygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryň berkidilmegi boýunça meselelere seredilip geçildi.

Mundan başga-da mejlisiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, şol sanda britan kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaklaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu konstruktiw gepleşikleriň iki ýurduň ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkidilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2312