TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we Bahreýniň doganlyk halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15118