DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigi tarapyndan guralan we COVID-19 döwründe hemmeleri saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen gurşap almaga hem-de bu ugurda iň gowy parlament tejribesine bagyşlanan okuw-maslahata gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzir dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek hem-de pandemiýanyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça utgaşykly we özara ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda lukmançylyk diplomatiýasy möhüm orun eýeleýär. Bu diplomatiýa şol ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Wideoforumyň gün tertibine Parlamentara birleşigi tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli saglygy goraýşyň hyzmatlary bilen köpçülikleýin gurşap almagy gazanmak: saglyga bolan hukugy üpjün etmekde parlamentleriň orny» atly Kararnamanyň kadalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Maslahatyň barşynda bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berildi, COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyna ilatyň elýeterliligini üpjün etmek, umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş boýunça wezipeleri çözmek babatda görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Interaktiw onlaýn duşuşygyna gatnaşyjylar saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini gazanmak boýunça ýurdumyzyň oňyn tejribesi hem-de degişli kanunçylyk esaslaryny üpjün etmek boýunça milli parlamentleriň işi bilen baglanyşykly meselä üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, ygtybarly hukuk goldawyna eýe bolýar.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmak, türkmenistanlylara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen birlikde, ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, ylmy-lukmançylyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de öňdebaryjy kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmaga ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15122