DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň milli maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamaga çekilen beýleki edaralaryň hünärmenleri “DÖM-ne ýetmek üçin ygtybarly maglumat gorlaryny döretmek” atly okuw-maslahata gatnaşdylar.
Çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan guraldy. Onuň maksady Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli maglumatlar gorunyň wajypdygyny ara alyp maslahatlaşmak we ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek, şeýle hem milli maksatnamalary işläp taýýarlan ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini hödürlemek bolup durýar.
Gürrüň, hususan-da, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça strategiýalara we maksatnamalara goşulan DÖM-ni, milli wezipeleri we görkezijileri amala aşyrmakda gazanylan ösüşe monitoring ulgamyny işläp taýýarlamak we baha bermek hakynda barýar.
Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-si häzirki döwrüň has wajyp ykdysady, durmuş, ekologiýa we dolandyryş meselelerine degişlidir. Duşuşykda bellenilişi ýaly, halkara hukuga laýyklykda, döwletleriň borçnamalary bilen baglylykda, ählumumy Gün tertibini amala aşyrmak üçin ähli derejelerde toparlaýyn hereketlere toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar.
Halkara bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli şertlere uýgunlaşdyrmak babatda dünýäde öňdebaryjy bolup, degişli çäreleri üstünlikli amala aşyrýar.
Olaryň häzirki tapgyry degişli ministrliklerde we edaralarda, şol sanda Statistika baradaky döwlet komitetinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda ösüşe baha bermek üçin ölçegleriň ulgamyny işläp taýýarlamagy öz içine alýar. Olaryň milli derejede amala aşyrylmagy diňe maglumatlary ýygnamak däl-de, eýsem, hasaba almagyň we seljermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda hem statistikanyň hiline täze talaplary bildirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15122