TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ SEKRETARLARYNYŇ 8-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň sekizinji duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem mejlisiň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň Baş sekretary S.Zas, şol sanda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň GDA-nyň assosiirlenen agzasy hökmünde gatnaşmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny bellemek zerurdyr.

Şu günki mejlisiň barşynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri dogrusynda işjeň pikir alyşmalar geçirildi. Hususan-da, GDA-nyň çäklerinde biologiki wehimlere garşy göreşmegiň, şeýle hem häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredildi.

Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýurtlaryň kiber giňişligindäki mümkinçiliklerini kämilleşdirmek meseleleri pikir alyşmalaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada hem pikir alyşdylar.

Sebitleýin durnuklylygy ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde babatynda tagallalaryň geljekde hem utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.

Bu temany dowam etmek bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek arkaly, Owganystanda parahatçylykly ýagdaýlaryň durnuklaşdyrylmagynyň üpjün işjeň gatnaşýandygyny hem-de parahatçylykly owganara gepleşiklerini ählitaraplaýyn goldaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň gatnaşmagynda, parahatçylykly owganara gepleşikleriniň indiki tapgyrlaryny geçirmeklik üçin öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygy hem aýratyn bellenilip geçildi.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2323