RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň haşal otlaryna, zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.