RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, degişli ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bermek üçin agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes edildi.