DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 33-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

Köptaraplaýyn duşuşyga Ýewraziýa toparynyň 9 döwletiniň — Türkmenistanyň, Belarusuň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň, bu düzümde synçylar derejesine eýe bolan birnäçe ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Nygtalyşy ýaly, terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryna aýgytly garşy durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlyga wehim salýan bu howpa garşy göreşde tagallalaryny goldamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Ýurdumyz BMG-niň guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş boýunça birnäçe konwensiýalaryna, ylalaşyklaryna we maksatnamalaryna goşulmak bilen, halkara hukuk kadalaryna ygrarly bolmagynda galýar hem-de bu ugurda beýleki döwletler we iri düzümler, şol sanda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan pul serişdeleriniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlamak topary (FATF), Ýewraziýa topary hem-de EGMONT topary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

FATF-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Ýewraziýa topary terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara işlere çekilmegine uly goşant goşýar.

Şu gezekki onlaýn mejlisiň gün tertibine bu guramanyň öňünde goýlan maksatlara ýetmek we wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça geljekki bilelikdäki çäreleri, Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň COVID-19 pandemiýasy zerarly, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmegi kanunylaşdyrmak töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly işleriniň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Şeýle hem ýörite iş toparlarynyň hasabatlary diňlenildi, olaryň mejlisleri 9 — 12-nji noýabrda geçirildi, Ýewraziýa toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, öňde boljak umumy mejlisleri geçirmegiň tertibine we beýleki guramaçylykly meselelere garaldy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)