SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ MÖHÜM ORNY BELLENILIP GEÇILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.
Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons we beýleki köpsanly ýokary derejeli wekiller çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy we saklanylmagy, şol sanda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz çykyşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüş meselesinde sebitleýin hyzmatdaşlyk meselesini, şeýle-de durmuşa geçirilýän iri göwrümli ykdysady taslamalaryň çarçuwasynda Aziýa yklymynyň ösüş mümkinçilikleriniň aýratyn ähmiýetini nygtady. Ol howpsuzlyk, şeýle-de inklýuziw ýol kartasynyň işlenilip düzülmeginiň meselelerine hem aýratyn üns berdi. Prezident iş ýüzünde utgaşdykly özara hereketler arkaly ýol, ulag, kommunikasiýa we energetika infrastruktutasynyň dikeldilmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdi. Hususan-da, OYR-nyň ýolbaşçysy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşmeginde berýän saldamly goşandy babatynda Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Aýratyn hem owgan halkynyň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň berýan ýardamy aýratyn bellenilip geçildi.
Özüniň resmi çykyşynyň barşynda BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons goňşy ýurtlaryň Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine berýan goldawlarynyň derwaýyslygyny nygtady. Ol bu işde infrastrukturanyň esasy düzüjileriň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. Laýons: «Owganystan we tutuş sebit häzirki wagtda durmuşa geçirilýän elektroenergetiki, energetiki we ulag taslamalarynyň köpsanly mümkinçiliklerinden oňyn peýda görüp bilerler», diýip aýratyn nygtady. TOPH haz geçirijisiniň, elektrik toguny geçiriji we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle-de Lapis-Lazuli ulag geçelgesi aýratyn bellenilip geçildi.
Duşuşygyň barşynda şeýle-de Owganystanyň ykdysady ösüşine ýardam bermekde halkara maliýe institutlarynyň möhüm orny bellenildi. Çärede çykyş eden Aziýa Ösüş Bankynyň Meýilnamalaşdyryş boýunça baş ykdysatçysy Safdar Parwez Owganystanyň geografiki ýerleşişi taýdan onuň sebitde çatryklaşýan möhüm ulag-ykdysady geçelgeleriniň merkezinde ýer alýandygyny belläp geçdi. Ol Owganystany Türkmenistan we Türkiýe bilen birleşdirýän, şeýle-de ýurduň geljekki integrasiýasyna oňyn täsirini ýetirýän ähmiýetli Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň derwaýylygyny aýratyn nygtady.
Duşuşyk dostlukly we açyk ýagdaýda geçdi.