TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK IŞINDE ULAG ULGAMYNA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR

30-njy noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ählumumy pandemiýanyň netijelerini nazarda tutmak bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ulag ulgamyndaky gatnaşyklar aýratyn orun eýeledi.  

Mejlise gatnaşyjylar Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan açyk, inklýuziw, adalatly we köptaraplaýyn söwda ulgamynyň gazanylmagyny maksat edinýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurlygy barada pikir alyşdylar. Bu bolsa açyk dünýä ykdysadyýetiň ösüşine itergi bermäge gönükdirilendir. Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berip, bu babatda teklipleri alyşdylar.

Şeýle-de mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem çykyş etdi. Ol söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ŞHG-nyň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistan bilen bu Guramanyň öz öňünde goýýan işjeň meseleleriniň arasynda utgaşyklylygy görkezdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada aýratyn bellenip geçildi. Bu bolsa ŞHG-nyň döwletleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär hem-de Ýewraziýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we sebitara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kenarynda döredilen köpugurly port infrastrukturasyny we türkmen söwda flotunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalaryň işlenip düzülmegi barada teklip beýan edildi.

Türkmen tarapynyň şu we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin açykdygy barada hem bellenilip geçildi. Hususan-da, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde, Ýewraziýa giňişliginde energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy arkaly Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdylyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit durnuklylygyny berkitmäge, Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli aralaşmagyna oňyn täsirini ýetirmäge gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň strategiki ähmiýeti barada hem bellenildi. Şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşy ulgamynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada hem bellenip geçildi.  

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen senagat, ulag, ýokary tehnologiýalar we beýleki pudaklar boýunça özara kabul ederlikli  taslamalary işläp düzmek arkaly özarabähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna taýýardygy barada hem bellenilip geçildi.