TÜRKMENISTAN ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN YNSANPERWER WE YLMY UGURLARDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE TAÝÝAR

Şu gün, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde bütindünýä koronawirus ýokanjy döwründe ylym, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy gatnaşyklaryň hem-de ylmy alyş-çalşyň, täze tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem wekiliýet baştutanlary ŞHG-nyň agza-döwletleriniň taryhy-medeni mirasynyň ilerledilmeginiň hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Mejlisiň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar bilen ynsanperwer we ylmy ulgamlardaky gatnaşyklaryň – hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. R.Meredow «Biziň döwletlerimiziň hem-de halklarymyzyň arasyndaky umumy taryhy, medeni, ruhy gatnaşyklar, bu ulgamlarda gatnaşyklaryň ulgamlaýyn çemeleşmesiniň işlenilip düzülmeginiň berk binýady bolup durýandyr» diýip belledi.

Şu nukdaýnazardan, raýdaşlyk, özarakömek we bilelikdäki işler arkaly pandemiýa bilen göreşmekde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek ugrundaky Türkmenistanyň berk nukdaýnazary bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ylmy-lukmançylyk ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygy we uzakmöhletleýin mümkinçiliklerde lukmançylyk jemgyýetçiligi, ugurdaş düzümleri bilen ýokary hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.