RESMI HABAR

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

1. Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary (mundan beýläk – önüm öndürijiler) üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy.

2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini, olaryň sürümli ekerançylykda peýdalanylýan we şu Kararyň üçünji bölegine laýyklykda, ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa, ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek bellenildi. Şu bölege laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenen şertler köpýyllyk agaçlaryň ekilen meýdanlaryna degişli däldir.

3. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijiler ýerleriniň özleşdirilmäge degişli böleginiň mellioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin 3 ýylyň dowamynda degişli işleri geçirip, soňra ekin dolanyşygyna girizmelidirler.

4. Kärende usulynda peýdalanylýan ýerleri şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasynyň çägine düşýän Türkmenistanyň raýatlaryna we daýhan hojalyklaryna olar soňky üç ýylyň dowamynda degişlilikde döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri babatda şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren hem-de köpýyllyk agaçlaryň ekilen meýdanlaryndan maksatly niýetlenilişine laýyklykda peýdalanan ýagdaýynda, olaryň ýüztutmasy esasynda ozalky ýerlerini şu Kararyň ikinji böleginde görkezilen şertlerde bermek bellenildi.

5. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde:

- şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasyndan önüm öndürijilere ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça namalary kanunçylykda bellenen tertipde resmileşdirmek;

- şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden rejeli we niýetlenişine laýyklykda gözegçilik etmek tabşyryldy.

6. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijiler döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndürilen önümlerini isleglerine görä öz ygtyýarynda galdyryp ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyryp bilerler.

7. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine önüm öndürijilere şu Kararyň birinji böleginde görkezilen ýörite ýer gaznasyndan berlen ýer böleklerinde ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmekde we ýokary hasyl almakda usulyýet taýdan ýardam bermek tabşyryldy.

8. Welaýatlaryň häkimliklerine şu Kararyň ikinji bölegine laýyklykda önüm öndürijileriň bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça meýilnamalaryny bellemek we olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)