REJEP REJEBOW: SAZ ŽANRLARYNYŇ ENÇEMESINDE IŞLEÝÄN USSAT

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, ajaýyp kompozitor Rejep Jumaýewiç Rejebowyň 75 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanan konsert boldy. Agşamda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet orkestriniň, Döwlet horunyň, konserwatoriýanyň horunyň, şeýle hem ussat aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ýubilýaryň eserleri ýaňlandy.

Konsertde «Orkestr bilen goboý üçin konsertiň» üç bölegi-de ýerine ýetirildi, bu esere dünýäniň islendik ýurdunda döredijiligiň belent nusgasy diýse bolar. Simfoniki orkestriň goboýçysy Didar Ýomudow ýekelikde çykyş etdi.

Orkestr eserleriň ikisini -- «Çagalar sýuitasy» we «Gadymy stildäki sýuita» ilkinji gezek ýerine ýetirdi, olara ussadyň döredijiliginiň köpsanly muşdaklary, onuň dost-ýarlary we okuwçylary ýokary baha berdiler.

Elbetde, «Jemalyň daragty» kinofilmine saz ýürege ýakyn we mähirli ýaňlandy. Rejep Rejebowyň filmlere iň köp saz ýazan kompozitordygyny aýtmak gerek – ol kinofilmleriň 59-synyň sazynyň awtorydyr!

Onuň ussat aýdymçy-kompozitordygyna Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň, Suwhan Orazberdiýewiň, ýurdumyzyň at gazanan artisti Gözel Öwezowanyň... aýdan aýdymlary-da şaýatlyk edýär.

Konsertiň ahyrynda täsirli waka boldy. Ýubilýar sahna çykyp, konserti taýýarlanlaryň ählisine, bu şatlykly wakany paýlaşmaga gelenlere minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem «Gadymy stildäki sýuita» eserini simfoniki orkestriň dirižýory Resul Gylyjowa bagyşlaýandygyny aýtdy.

Bu habara tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen seslendiler!