TÜRKMENISTAN-GERMANIÝA: SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ TÄZEÇIL USULLARY ÖSDÜRILÝÄR

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan ýurdumyza gelen saglygy goraýyş hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň lukmanlaryna Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory diýen atlary bermek dabarasy boldy.

Germaniýanyň lukmançylygynyň bilermenleri hem-de öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň hünärmenleri iň gowy anyklaýyş hem-de bejeriş işini öwrenmek babatda türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak maksady bilen yzygiderli duşuşýarlar. Ýokary tehnologiýaly innowasiýalar babatda gyzyklanma bildirilýän meseleler hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň esasy şertidir.

Hormatly atlary dakmak dabarasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň we iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde Türkmenistanyň işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki abraýly düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe bolandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleý ýaşy, abraýly halkara guramalary hem-de daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri bilen ýola goýýan gatnaşyklary türkmen lukmanlaryna dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we şolary bejermek babatda netijeli usullary ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmakda, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, birnäçe hopwly ýokanç keselleri doly aradan aýyrmakda we lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Eziz Diýarymyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna we hiliniň ýokarlandyrylmagyna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilemgine goşan şahsy goşantlary üçin GFR-iň Mýunhen şäheriniň Grosshadern klinikasynyň hirurg-ortopedi Wolkmar Ýanssono, şol klinikanyň hirurg-ortopedi Matthias Pitçmana, lukman-stomatolog, inplantolog Günter Doma Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory diýen ylmy dereje berildi.

Germaniýaly hünärmenler öz gezeginde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, kliniki işlerde bolşy ýaly, ylmy barlaglar ulgamynda-da şunuň ýaly netijeli hyzmatdaşlygyň üstünliklere beslenýändigini nygtadylar.

Biziň maksadymyz bu işleri mundan b eýläk-de dowam etmekden ybaratdyr. Siziň myhmansöýer Diýaryňyza gelmäge we öz ýurdumyza türkmen kärdeşlerimizi hem-de bu ugurdan bilim alýan talyplary kabul etmäge şatdyrys. Tejribe alyşmak işlerini has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, germaniýaly professorlar aýtdylar.

GFR-den iş sapary bilen ýurdumyza gelen lukmanlar Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda, hususan-da, Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde bolup, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Olar şu günleriň dowamynda birnäçe çylşyrymly orerasiýalara, dürli geňeşmelere we lukmançylyk maslahatlaryna gatnaşdylar.

Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitetiniň klinikasynyň professory we M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory Klaus Parhofer türkmen endokrinologlary bilen duşuşyp, lukmançylygyň bu ugrunyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

2008-nji ýyldan bäri türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk edýän professor Klaus Parhofer täze düzümleýin desgalar bilen üsti ýetirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň soňky ýyllarda batly depgin bilen ösýändigini belledi.

Şol desgalaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi-de bar. Şonuň açylyş dabarasynyň dowamynda milli Liderimize Süýji keseliň nemes jemgyýetiniň hem-de Daşky gurşaw boýunça gaznanyň güwänamalary gowşuryldy.

Şol güwänamalaryň gowşurylmagy endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde Merkezi Aziýada süýji keselli adamlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejededigini tassyklaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň takyk kesgitlän “Saglyk” döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça uly tagallalar edilýär.

Şu babatdaesasy ýörelgeleriň biri ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan hem-de ömür dowamlylygyny uzaltmakdan, ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda, saglygy goraýyş hyzmatlaryny hem-de bu ugurda innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Işjeň bejerişiň hem-de onuň dowamynda yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagyny talap edýänýokanç däl keselleriň ösüşini we ýaýramagyny şertlendirýän töwekgelçilikli ýagdaýlaryň öz wagtynda ýüze çykarylmagyna aýratyn üns berilýär.

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, şol sanda Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ulanylýar. Şolaryň ençemesi Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merkeziň öňünde goýan wezipeleriniň hatarynda innowasion usullaryň, endokrin hem-de hirurgiýa keselleri bolan adamlary bejermegiň esasynda ýurdumyzyň hirurgiýa we endokrin bölümleriniň işini kämilleşdirmek wezipesi bar.

Klinikada işleýän döwürlerinde germaniýaly hünärmenler hassalara netijeli kömek etmäge ýardam berýän üpjünçiligine ýokary baha berdiler. Palatalarda oturdylan lukmançylyk enjamlary “Infiniti Omega” kompýuter ulgamy arkaly lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň iş orunlaryny birleşdirýän “Dräger” kompaniýasynyň önümleri netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.

Bu ulgam bölümdäki ähli gurluşlaryň görkezijilerini hasaba alýar, hassalaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi üpjün edýär, şunda statistika we ylmy maglumatlary ýygnamak babatda ýüze çykýan ýagdaýlar barada maglumat berýär.

Bu merkezde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy lukmanlara ozal bejerip bolmadyk agyr keselleri bejermäge mümkinçilik döretdi.

Bu ugurda çäreleriň görülmegi netijesinde, türkmenistanlylar üçin halkara ölçegleri derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri elýeterli boldy. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk tehnikalaryny öndürijiler hökmünde germaniýaly hünärmenleriň hem-de lukmanlaryň goşandyny belleýär.

Türkmenistanyň toplan tejribesiniň görkezişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn hereketleri amala aşyrmakda has oňat netijeler durmuş syýasaty bilen utgaşyklykda gazanylýar. Jemgyýetde ekologiýa medeniýetini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde döwrebap saglyk düzümini döretmek munuň möhüm ugrudyr. Şol düzüm lukmançylyk edaralaryny, şypahana we sport ulgamyny, syýahatçylyk hem-de dynç alyş ugurlaryny öz içine alýar. Bularyň hemmesi saglygy uly baýlyk hasaplaýan jemgyýetiň döredilmegine gönükdirilendir.

Doktor Klaus Parhower milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda döwrebap düzümiň binýadynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli nusgasynyň döredilmegini, ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, eneligi we çagalygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegini, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň wagyz edilmegini görkezdi.

Klaus Parhower bu ugurda Türkmenistanyň jogapkärçiligiň ýokary derejesini we nusgalyk mysaly görkezýändigini, şunda hormatly Prezidentimiz, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlaryny aýratyn belledi.

Şeýle hem germaniýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen iki dostlukly ýurduň arasynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli esas bolan saglygy goraýyş boýunça nobatdaky bilelikdäki maslahatyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen hem-de nemes lukmanlarynyň iki ýurtda gezekli-gezegine geçirilýän duşuşyklary hyzmatdaşlygyň, bilelikdäki barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň, enjamlaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy işgärleriň hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny şertlendirýän taslamalaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge kömek edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, Germaniýa bilen saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň pugta binýady goýuldy. Bu gün alnyp barylýan bilelikdäki işler anyk miwesini berýär. Ikitaraplaýyn tejribe alyşmalaryň netijeisnde, ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamyna keselleri anyklamagyň, bejermegiň we az şikes salmak arkaly hirurgiýa operasiýalaryň täze usullary ornaşdyryldy. Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň gatnaşmagynda türkmen lukmanlary üçin ylmy-amaly maslahatlar, okuw sapaklary we hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary yzygiderli guralýar.

Nobatdaky türkmen-german maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk iki ýurduň ylmy we işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini hem-de anyk netijelere we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilýändiginegüwä edýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň abadançylygyny, Diýarymyzyň baş baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny esasy ugur edinýän daşary we içeri syýasatynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna möhüm ornuň degişlidigini alamatlandyrýar.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)