TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝANYŇ LUKMANÇYLYK TOPARLARYNYŇ WEKILINI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul etdi.
Professor duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hem-de lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplanylan saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemişe goldaýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň maksada gönükdirilen tagallalarynyň we oýlanyşykly strategiýasynyň netijesinde Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda uly üstünlikleri gazanyp, öz raýatlary üçin dünýä ölçegleriniň derejesinde giň gerimli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edendigi bellenildi. Nemes lukmanlary özlerine bildirilýän ynam hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryna we taslamalaryna gös-göni gatnaşýandyklary üçin buýsanýarlar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwrüň talaplaryna kybap gelýän adamlaryň saglygyny goraýan ýokary hilli ulgamyň döredilmeginiň kesgitlenendigini nygtady.
Şunda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli kämilleşdirmäge, ugurdaş ylymlaryň ösdürilmegine, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegine, daşary ýurtly kärdeşler bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GFR-niň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýan hünärmenleri bilen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ylmyň soňky gazananlaryny, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň innowasion usullaryny iş ýüzünde netijeli ornaşdyrmak babatda özara peýdaly tejribeleriň alşylmagy bilen baglylykda, uly mümkinçilige eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň lukmançylygy yzygiderli esasda, “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda ösdürilýär, bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna Germaniýanyň hünärmenleri öz goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyz halkara ölçeglerine kybap gelýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde nemes nusgasyndan ugur aldy.
Germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ilkibaşdan uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýandygy nygtaldy. Şunda saglygy goraýyş boýunça yzygiderli geçirilýän türkmen-german maslahatlaryny netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde agzap bolar. Şolaryň gün tertibi bu ulgamda ileri tutulýan wezipeler göz öňünde tutulyp kesgitlenilýär.
Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygyň, bilelekdäki ylmy-barlag we okuw taslamalarynyň ugurlaryny kesgitlemäge, Diýarymyzyň hünärmenleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň lukmanlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahatlary we okuw maslahatlary geçirmäge, wirtual sanly tehnologiýalaryň has-da giňden ulanylmagy, ýokary lukmançylyk bilimi ugry boýunça gatnaşyklara täze itergi bermek maksady bilen, talyplaryň alşylmagyny işjeňleşdirmek babatda pikirini aýtdy.
Türkmenistanda üsti täze desgalar bilen yzygiderli ýetirilýän köpugurly pudaklaýyn düzümler däp bolan hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Onuň düzümine girýän iň döwrebap lukmançylyk edaralary ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly enjamlaryň, esasan bütin dünýä meşhur bolan nemes kompaniýalarynyň enjamlarynyň iň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyryldy. Şol enjamlar ýüz tutanlary bejermekde we dikeltmekde has oňaýly netijeleri almaga mümkinçilik berýär. Şunda “Siemens AG” kompaniýasynyň köpýyllyk gatnaşyklar netijeli tehnologik hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biri bolup hyzmat edýär.
Geçen aýda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň we Estetiki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkezler abraýly halkara güwänamalaryň we sylaglaryň birnäçesine mynasyp boldy. Dabara daşary ýurtlaryň lukmançylyk toparlarynyň wekilleri we hususan-da, Germaniýanyň hünärmenleri hem çagyryldy. Olar saglygy goraýyş pudagynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine ýokary baha berdiler.
Şu aýda bolsa milli Liderimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda ugurdaş täze desgalaryň ýene-de ikisi açyldy. Bular Akbugdaý etrabyndaky “Bagabat” şypahanasy hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky welaýat ýokanç keseller hassahanasydyr. Bu desgalar hem dünýäniň öňdebaryjy, şol sanda nemes öndürijileriniň iň täze görnüşdäki ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bütin adamzat üçin soňky onýyllykda örän möhüm wehime öwrülen dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem deglip geçildi. Türkmenistanyň bu howply ýokanjyň öz çäklerine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Ýer ýüzünde toplumlaýyn öňüni alyş çärelerini gören döwletleriň biridigi bellärliklidir.
Ýokanç we ýokanç däl keselleri öňünden duýdurmak, jemgyýetçilik immunitetini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan maksadalaýyk işler oňyn netijelerini berýär diýip, professor Klaus Parhofer nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňini dowam edip, häzir adamlaryň saglygyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmagyň hem-de ylmy we amaly tejribeleri alyşmagyň iş guraly hökmünde lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.
Klaus Parhofer döwlet Baştutanynyň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde, häzir Türkmenistanyň, hakykatdan-da, nusgalyk saglygy goraýyş düzümlerine eýedigini nygtap, biziň ýurdumyza gelen wagtlarynda özüne soňky ýyllarda türkmen lukmançylygynyň gazanan okgunly ösüşiniň şaýady bolmagyň nesip edendigini belledi.
Şunuň bilen bir hatarda, professor jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek boýunça milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan giň gerimli işleriniň hem ähmiýetini nygtady. Munuň özi netijeli ýagdaýda keselleriň öňüni almaga ýardam edýän adam saglygyny berkitmegiň möhüm ýagdaýydyr.
Myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmenistanlylara iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisi bilen tassyklanan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hem-de onuň daşary syýasy ugrunyň esasynda goýlandygyny, onuň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Geljek ýyl ýurdumyz ýene-de bir ajaýyp senäni – Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, munuň bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasynda hem berkidilendigi bellärliklidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen hem-de nemes lukmanlarynyň – öňden gelýän asylly däpleri we bilelikde işlemegiň baý tejribesi bolan alymlaryň hem-de lukmanlaryň ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünliklili ösdüriljekdigine, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.