RESMI HABAR
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna degişli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de şertnamanyň möhletini sekiz ýyl uzaltmak barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.