TÜRKMENISTANDA FRANSUZ DILI BAÝRAMY BELLENILDI

Şu gün, 26-njy noýabrda tutuş dünýäde Fransuz dili mugallymynyň güni bellenildi. Bu baýramy Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makron tutuş dünýä boýunça fransuz dili mugallymlarynyň 900 müňüsine hormat goýmak üçin döretdi.

Häzirki wagtda fransuz dili – dünýäde ýaýraýşy boýunça bäşinji dildir, onda 300 million adam gürleýär. Iňlis dilinden soň ol dünýäde iň köp öwrenilýän dil, telekeçilikde üçünji, halkara maglumatlarynda ikinji we Internetde – dördünji dildir.

Fransuz diliniň halkara gününe gabatlap, Fransiýanyň Merkezi Aziýadaky diplomatik wekilhanalary fransuz dili mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki dürli onlaýn-maksatnama teklip etmek üçin ýygnandylar.

Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýa institutynyň guran baýramçylyk çäresi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa 60-a golaý hünärmen, şol sanda Fransiýanyň Ilçihanasynyň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Aşgabadyň halkara mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Onuň Alyhezreti hanym Izabel Ginel baýramçylyk çäresini giriş sözi bilen açdy.

Şu çäräniň çäklerinde «Fransuz dilini öwretmegiň täze usullary» temasyndan dürli innowasion taslamalar, uzak aralykdan sapak bermek boýunça webinarlar we ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stol guramagyň usullary bilen tanyşdyryldy. Fransuz dili mugallymynyň gününiň baýramynyň ahyrynda çärä gatnaşanlaryň hersine Culturetheque, Fransiýa institutynyň sanly kitaphanasy teklip edildi.

Türkmen tarapy daşary ýurt dillerini bilmek melletleri ýakynlaşdyrýar, adamlary beýleki medeniýetlere sabyrly edýär we häzirki döwrüň adamlarynyň maglumatlar gözýetimini giňeldýär diýen pikirini goldap, Fransuz dili mugallymynyň gününiň baýramyna höwes bilen gatnaşdy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)