BAKY SAZ ÝAŇLANAR...

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda 27-nji noýabrda 18 sagat 30 minutda beýik nemes kompozitory, Wena nusgawy mekdebiniň ajaýyp wekili Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna (1770-1827) bagyşlanan konsert bolar. Kamera ansambly kafedrasynyň hünärmenleri konsertiň guramaçylarydyr.

Konsertde Bethoweniň «Aý sonatasy», Skripka üçin «Fa mažor» romansy, «Trio №4» , Skripka we fortepiano üçin kreýser sonatasynyň birinji bölegi we beýleki eserleri ýerine ýetiriler.

Konserwatoriýada Bethoweiniň «Tebigatyň Hudaýa hamd-senasy» we «Rus temasyna wariasiýalary» eserleri ilkinji gezek ýaňlanar.

Konserte konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary gatnaşarlar, olaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, Emir Baýramgeldiýew, Aýbölek Muhyýewa, Stella Faramazowa, Bahram Dolyýew, Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylgyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň sazandalary, Bahar Durdyýewa we beýlekiler bar.

Nusgawy saz muşdaklary konserwatoriýanyň sazandalarynyň çeper ýerine ýetirmeginde Lýudwig wan Bethoweniň ajaýyp sazlaryndan lezzet alsalar gerek.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)