PAKISTANYŇ SARHAD SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Peşawar şäherindäki Sarhad Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Sherbaz Ilyas Ghazanfar Bilouryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şeýle hem “Baky Bitarap Türkmenistanyň wirtual sergisi” bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň söwda-ykysady, nebitgaz toplumlary hem-de eksporta gönükdirilen önümleri barada wideorolikler we prezentasiýalar görkezildi.

Soňra taraplar Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistan tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu boýunça ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar harytlaryň erkin daşalmagy üçin Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ulag-üstaşyr geçelgesini döredip biljek erkin söwda boýunça Ylalaşyk baglaşmak babatda pikir alyşdylar. Bu ulag-üstaşyr geçelgesi Pakistanyň Gwadar we Karaçi portlarynyň üsti bilen deňize çykmaga mümkinçilik döretjekdigi barada nygtaldy

Habarlar (neutrality.gov.tm)