FAGOTYŇ HOŞZYBAN MAHMAL OWAZY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda fagotçylaryň konserti boldy, ol diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Konsertiň guramaçylary we fagot üçin iň gowy eserleri ýerine ýetirenler -- fagot hünäri boýunça mugallym Rahat Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky üflenip we urulyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň talyplary hem-de mugallymlarydy.

Konsert ikinji ýyl talyby Myrat Annamyradowyň çalmagyna Aleksandr Arutýunýanyň belli «Ekspromt» eseri bilen açyldy. «Ekspromt» gussaly, romantik we durmuşa höwesli duýgylary inçe intonasiýalarda berip bilýän esasy saz guraly fagot bolan saz agşamynyň ugruny kesgitledi.

Myrat Annamyradow diňleýjiler üçin ýene bir saz – Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň 12 kartinadan ybarat «Pasyllar» fortepiano tapgyryndan «Güýz aýdymy» eserini ýerine ýetirdi. Ol haýsydyr bir pynhan syr barada parahat we oýly ýaňlanýar. Saz diňleýjileriň köňlüni heýjana getirýär. Pýesanyň birinji frazasynda ýeňiljek gussadyr pikire batmak ýagdaýy duýulýar, ýöne pýesa ösdürildigi saýy ekspressiýa güýjeýär... Çaýkowskiniň «Güýz aýdymy» güýz manzary we adamyň hal-ýagdaýy birleşen liriki-psihologik zarisowkadyr.

Rahat Çaryýew Ferdinand Dawidiň «Konsertinosyny» çalanda saz guralynyň juda giň çäklerde ýaňlanyp bilýändigini görkezdi. Eser tutuşlygyna röwşen, durmuşa höwesli äheňlere ýugrulan.

Agşamda Lýudwig Mildeniň «Tarantella», Sergeý Rahmaninowyň «Wokaliz», Aleksandr Glazunowyň «Trubadur» sazalry we beýleki eserler ýaňlandy.

Jaz stilindäki eserleriň hemişe döwrebap we joşgunly ýaňlanýandygy gürrüňsizdir. Konsert jaz sazynyň taryhynda beýik sazandalaryň biri Pol Dezmondyň «Take Five» sazy bilen jemlendi. «Take Five» - «Kiçeňräk arakesmä çykmak» diýen many berýär. Eser romantiki oý röwüşde juda labyzly ýaňlandy. Fagot tilsimine owaz frazalarynyň gezekleşmesi we dürli geçişleri ulanmak mahsusdyr. Ikinji ýyl talyplary Öwezmyrat Japarow bilen Myrat Annamyradow, üçünji ýyl talyby Begenç Babamyradow, şeýle hem agşamyň esasy guramaçysy Rahat Çaryýew oňa çeper ussatlyk bieln hötde geldiler. Natella Bagirowa fortepianoda saz çaldy.

Fagota bagyşlanan agşam diňelýjilerde we sazandalarda islendik temada birmeňzeş mähirli gürleýän fagotyň ýürege mylaýym mahmal owazyndan ýakymly täsir galdyrdy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)