KARBAMID ÖNÜMÇILIGINIŇ DEPGINLERI ÝOKARLANÝAR
Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawody karbamid dökünleriniň önümçiligini giňeldýär. Şu ýylyň dokuz aýynda kärhana esasy çig mal hökmünde tebigy gazdan alynýan ammiagy ulanyp, 900 müň tonna golaý karbamid çykardy. Önümçilik depgini geçen ýyldakydan iki esseden gowrak ýokarlandy. Doly awtomatlaşdyrylan kärhana italýan, golland we amerikan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Zawodyň önümi ýörüte gämi duralgasyna transportýor arkaly çaltlandyrylan usulda ugradylýar, bu bolsa ony suw üsti bilen ugratmak işini has ýeňilleşdirýär we arzanladýar. Kärhananyň Hazaryň kenarynda amatly ýerleşişi oňa önümlerini deňiz we demir ýollary arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.
Zawod 2018-nji ýylyň sentýabrynda ýurduň himiýa pudagynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi. Kärhana ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid çykarmaga niýetlenen. Şunça dökün çykarmak üçin 660 müň tonna ammiak ulanylýar.
Karhana işläp başlany bäri eýýäm 1 million 381 müň tonna konsentrirlenen azot dökünleri çykaryldy, olary Bolgariýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileri satyn aldylar.