TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 11 aýynda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artandygy habar berildi.

Hasabat döwründe, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy.

Şol döwürde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygy 18 göterim artdy.

2020-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 110,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 89,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynyň işini talabalaýyk guramagynyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagy göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, bu mesele boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hususylaşdyrmagyň, senagatlaşdyrmagyň, sanly ulgama geçmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerdigini nygtap, pudaklarda bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyryna çenli bellenen ähli desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmalydygyny aýdyp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu resminama Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde gutarnykly serediljekdigini belläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnama 100,6 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy bolsa 105,4 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,4 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 122,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmeginiň hem-de onuň işiniň kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz topluma degişli kärhanalaryň kuwwatlyklaryny doly herekete girizmegiň, tebigy gazyň daşary ýurtlara ugradylýan mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de gurluşyk we senagat, energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde hem-de paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň önümçilik meýilnamasy 119,4 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça gazanylan ösüş 107,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 111,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş 108,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça-da degişli işleriň dowam etdirilendigi barada habar berildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük hem-de ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy degişlilikde, 113,6 göterime we 100,5 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşiniň 120,9 göterime barabar bolandygy, şeýlelikde, meýilnamanyň 117,2 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberiniň ösüşi 107,4 göterime deň boldy we meýilnama 109 göterim berjaý edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edildi. Şunlukda, ösüş 107,2 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 119,8 göterim berjaý edildi. Şunda ösüş 133,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe elektroenergiýany öndürmegiň ösüşi 120 göterime barabar bolup, meýilnama 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň on bir aýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133,3 göterime deň boldy. Şunda ösüş 155,9 göterime deň boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 117,2 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri gysga möhletde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, sanly ulgama tiz wagtda geçilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Telekeçilik işiniň giňeldilmeginiň, ýokary öndürijilikli enjamlar hem-de täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze gurluşyk we tehnologiýa kompaniýalaryň hem-de firmalaryň döredilmegi zerurdyr.

Şeýle hem milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde özümize bagly bolmadyk kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamynyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem gurluşyk pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň boldy. Şeýlelikde, önümçiligiň ösüşi 117,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň öndürilişi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 104,9 göterime we 101,4 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriň önümçiligi 118,3 göterime, gön önümleriniň öndürilişi bolsa 105,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümleriniň önümçilik meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda birža söwdalarynyň jemi 257-si geçirildi. 26 müň 83 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, girdejiniň ösüşi 105,5 göterime barabar boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 103 göterime deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň 6-sy we wideoaragatnaşyk arkaly 29 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 108 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň birinji synp okuwçylary üçin tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýän kompýuterleri öndürendigini habar berdi. Onda bar bolan programmalar türkmen, rus we iňlis dillerinde birnäçe okuw maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi okuw sapaklaryny sanlylaşdyrmak işine kärhananyň goşandy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmegiň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna döwlet goldawyny, kiçi we orta telekeçiligi, hususan-da, syýahatçylyk ulgamy boýunça iş alyp barýan kärhanalary ösdürmäge maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn goldawyny bermek boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şu günler, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde Diýarymyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar hem-de önümler bilen üpjünçiligi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirýän işleriniň depginini ýokarlandyrmak we olara mundan beýläk-de degişli goldaw bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň eksport ugurly önümleriniň mukdaryny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlarda olaryň mahabatyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz täze ýokary öndürijilikli hem-de innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, öz-özüni maliýeleşdirmäge, birnäçe pudaklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ukyply iri tehnologiýa kompaniýalarynyň we firmalarynyň döredilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz kompýuter önümçiligi ýaly ýurdumyz üçin täze pudagyň döredilmegi Türkmenistanda sanlylaşdyrmak ulgamyny işjeňleşdirmekde we ykdysadyýetimiziň maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň elektron senagatyny ösdürmäge döwrebap derejede çemeleşmegini işi guramagyň möhüm wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Geldinyýazowa birinji synp okuwçylaryna täze kompýuterleri Täze ýyl sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramagy tabşyrdy.

Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa çagyryldy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, şu döwürde dürli medeni çäreleriň, şol sanda sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň, duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, maglumat-düşündiriş işleriniň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli beýleki çäreleriň geçirilendigini habar berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, teleradioýaýlymlarda, ministrlikleriň we medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň internet saýtlarynyň sahypalarynda eziz Diýarymyzyň ýeten derejesini, ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri beýan etmek işleri yzygiderli dowam edýär. Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklary guraldy.

Türkmen halkynyň halk döredijiligini, nakyllaryny, milletiň däp-dessurlary hakyndaky maglumatlary ylmy taýdan öwrenmek nukdaýnazaryndan ýygnamak maksady bilen, hünärmenleriň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlary guraldy.

Ýylyň başyndan bäri, Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň önümçiligi boýunça meýilnama 105,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli edaralaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, olara häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli žurnalistikanyň, hususan-da, teleýaýlymlaryň işiniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Teleýaýlymlarda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işleri beýan etmek, täze, gyzykly gepleşikleri taýýarlamak üçin döwrebap usullar ulanylmalydyr. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň düşündirilmegine zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitiň hem-de dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy, dürli ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri bilen dostluk gatnaşyklary ösdürmegi boýunça wezipeleri kesgitläp, bu ugurda zerur işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna meýilleşdiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyny, durmuşa geçirýän oňyn syýasatyny we berkarar döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini giňden beýan edýän telegepleşikler hem-de makalalar taýýarlanylmalydyr. Milli Liderimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arassaçylyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerinde, ýurdumyzda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän çärelerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň mekdep okuwçylary hem-de talyplary döwlet we halkara derejedäki olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Munuň özi Diýarymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça halkara guramalaryň wekilleri bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça dürli onlaýn gepleşikleri geçirildi.

Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň geçirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Ylymlar güni mynasybetli sanly wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 22 döwletinden alymlaryň gatnaşmagynda halkara ylmy maslahat geçirildi.

Şu ýylyň on bir aýynyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda ugurdaş sagaldyş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň halkara guramalar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn maslahatlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi.

Aşgabat şäherinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Estetiki merkezleriniň täze binalary, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döwrebap “Bagabat” şypahanasy hem-de Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasy ulanylmaga berildi.

Diýarymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş, awtomobil sporty we welotrek boýunça ýurdumyzyň çempionatlary geçirildi.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary, döredijilik bäsleşikleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri, sergiler, aýdym-sazly dabaralar guraldy.

Ýaş nesle bilim bermek we hünär öwretmek, bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak babatda öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürläp, işlenip taýýarlanylan konsepsiýanyň innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna we okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine, ylmyň bu ulgamlaryndan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek, degişli ylmy-barlaglary geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ýokary depginde ösdürmegiň hem-de düýpli özgertmegiň wajypdygyny nygtady. Şunda iň gowy milli we halkara tejribäni nazara almak bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu möhüm ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu ugurda wajyp wezipeleri kesgitläp, desgalaryň gurluşygynyň barşyna, gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine, döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ýokary depgininiň ösüp gelýän ýaş nesle bilim bermegiň we terbiýelemegiň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini, ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belläp, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” taslamasyny makullady.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de bellenen wezipeleri netijeli çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berdi. Tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime deň boldy.

Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,9 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Ak ekin meýdanlarynda ösüş suwy, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly barýar.

Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde, önümçilige häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, şu günler täze şertlerde işlemäge we bu ýer gaznasyndan 2021-nji ýyldan başlap gowaça, bugdaý we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer böleklerini almaga isleg bildirýän hususy önüm öndürijileri hasaba almak işi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz şu günler bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök we beýleki ekinleriň geljekki bol hasyly ugrunda zerur işleriň alnyp barylýandygyny belläp, oba hojalygynda möwsümleýin agrotehniki çäreleri, aýratyn-da, suw akabalaryny arassalamak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, Garagum sährasynda döwrebap ekologiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar — noýabr aýlarynda alyp baran işiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda resmi sapar bilen boldy, onlaýn görnüşde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde we Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda wideoýüzlenmeler bilen çykyş etdi.

Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 42-si geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 87-si daşary ýurtlara iberildi.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň 1013-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň 95-si bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat döwründe bu ugurda duşuşyklaryň 43-si, şol sanda onlaýn görnüşde 36-sy geçirildi.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Geçen on bir aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi guraldy. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler forumlary geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara, şol sanda 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Maslahatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahata we beýleki çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz geljek ýyl üçin halkara çäreleriň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlarynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi, şonuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu resminamalara şu ýylyň ahyrynda garaljakdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de Daşary işler ministrliginiň daşary ýurtlardaky düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamalary, meýilnamalary we strategiýany tassyklamak hakyndaky», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň Türkmen bölekleriniň işi hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Kararlar bar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilini bellemek, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat we Mazary-Şarif şäherleri) konsullyklaryny Baş konsullyklara öwürmek hakyndaky, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Milli Liderimiz bu resminamalara gol çekip, olary wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Milli parlamentiň maslahatlarynyň dördüsiniň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-si we Mejlisiň Kararlarynyň 42-si kabul edildi.

Bu resminamalar durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, sanly tehnologiýalaryň hem-de elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyna, bedenterbiýe we sport ulgamynyň, daşary syýasatyň, daşky gurşawy goramagyň hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” hem-de “Saýlaw kodeksine üýtgetmeleri girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Mejlisde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we dünýäniň ösen kanun çykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi 17 duşuşyk geçirildi. Şolaryň 10-sy sanly wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Mejlisiň wekilleri iş maslahatlarynyň 115-sine gatnaşdylar. Şolaryň 66-sy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky maslahatyna we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 51-nji umumy maslahatyna gatnaşdy.

Deputatlar iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, öz saýlaw okruglarynda, daýhan birleşiklerinde, edaralarda, okuw mekdeplerinde hem-de kärhanalarda milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynyň mazmuny hem-de ähmiýeti, Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyzy saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini we halkara hukuk tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara alyp, ýurdumyzyň kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli alyp barýan işleriniň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň özygtyýarlyklaryny netijeli durmuşa geçirmekleriniň, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramaga işjeň gatnaşmaklarynyň, Halk Maslahatynyň çözgütlerini düşündirmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işlerini guramaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňde goýan wezipelerini öz wagtynda hem-de takyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna berk eýermegiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, şu ýylyň on bir aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerini jemledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şol netijeler Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Ykdysadyýetde, öňküsi ýaly, ýokary ösüş depgini saklanyp galýar. Hasabat döwründe, halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda diýen ýaly, bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdy. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, häzirki döwür sazlaşygy bozmazdan, ykdysadyýetimizi işjeň ösdürmek üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär diýip nygtady. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän her hili üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidiris. Şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap, geljek ýylda ony has-da artdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Indi ýylyň ahyryna çenli hem az wagt galdy. Şoňa görä-de, galan döwrüň içinde şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlap, täze — 2021-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin köp meseleleri çözmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene-de bir kitaby ýazyp, tamamlandygyny aýtdy. Bu kitap «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyryldy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýolumyzy kesgitledi. Biz ony «hemişelik Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny öz içine alýar.

Halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de öz taryhynyň bütin dowamynda emele gelen iň bir kyn meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.

Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde biz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýäniň ähli döwletleri bilen üstünlikli amala aşyrýan özara bähbitli, parahatçylyk söýüji we dostlukly gatnaşyklarymyzyň ykdysadyýetimizi berkitmäge, Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berendigini görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Men bu aýdylanlaryň ählisini şol kitapda beýan etmäge, türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açmaga çalyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde biziň döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny görkezmegi maksat edindim. Ähli ýurtlary birleşdirmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn seljerdim. Bu kitap parahatçylygyň, ösüşiň we bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze kitabyň gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirip, bu eseriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna sowgat boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de hökümet Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, olaryň Bitaraplyk baýramyna çenli galan wagtyň içinde bu kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirip biljekdiklerini aýtdy. Olar bu kitaby mejlisden soň alarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)