SEMENT ÖNÜMÇILIGINDE ÝERLI ÇIG MAL ULANYLÝAR

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýanyň Türkmen geologiýa-agtaryş ekspedisiýasynyň Köýtendag topary Köýtendagyň eteginde ýerleşýän Ak Bulat diýen ýerde kremnili toýunyň – opokanyň ýatagynda takyk barlaglar geçirer. Ol özboluşly sypatlary bolan gadymy çökündi maddanyň häzirlikçe ýurdumyzda ýeke-täk ýatagydyr. Türkmen geologlary has öňräk bu ýerde opoka görnüşli toýunyň uly gorlarynyň bardygyny tassyklapdylar, ol, alymlaryň pikirine görä, tektoniki ýagdaýlar sebäpli topragyň görnüşiniň üýtgemegi netijesinde kemala gelipdir.

Opoka – toýuna çalymdaş bolsa-da, fiziki sypatlary boýunça ondan tapawutlanýar – ol öte dykyz, berk we suwda ýumşamaýar. Ol sement senagaty üçin arzan we giňden ýaýran çig maldyr. Opoka ýarym hemogen opaldan döreýär. Onda kremniý organizmleriniň (radiolýariý, spikul gubkalary, diamoteý örtügi) ýaly galyndylary, kwarsyň we meýdan şpatlarynyň, glaukonit däneleriniň we toýunsow maddalaryň uşajyk bölekleri gabat gelýär.

Sement önümçiliginde opokanyň ulanylmagy materialyň özüne düşýän bahasyny arzanladýar we onuň berkligini has güýçlendirýär, şeýle hem süýji hem-de sulfatly suwlarda onuň suwa we sulfata durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Lebapdaky sement zawodynyň hünärmenleri çökündi görnüşli tebigy serişdäniň gorlaryny sulfata durnukly sement öndürmekde maksadalaýyk diýip tassykladylar, olar ýerli çig maly önümiň hilini gowulandyrmakda netijeli ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)