ŞÄHERIŇ ÝAŞYL JÄHEGI
Arassaçylyk we abadançylyk boýunça ýerli trestiň işgärleri Daşoguz şäheriniň bag-seýilgäh toplumynyň üstüni täze ösümlikler bilen ýetirmäge çalyşýarlar. Şu ýylky güýzde kärhananyň hünärmenleri açyk nahalhanada müdimi ýaşyl pirakantanyň nahallaryny ekdiler. Bu gyrymsy agaç çeper şekiller üçin gyrkmaga amatlydyr we köplenç şäherlerde haýat hökmünde ulanylýar. Ol guraklyga durnuklylygy bilen meşhurdyr, toprak dannamaýar, galyberse-de, demirgazyk sebit üçin möhüm tarapy, ol aýaza durnuklydyr. Eger pirakanta ýerli howa şertlerine uýgunlaşsa, geljekde ol şäheriň ýaşyl bezeginiň üstüni ýetirer.
Türkmenistanda ilatly ýerleriň çyzgysy taýýarlanylanda we gurlanda olaryň binagärlik-çeperçilik bezegine, şol sanda ýaşyl ekinleriň köpdürliligine uly üns berilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan işler netijesinde häzirki wagtda Daşoguzyň köçelerini, seýilgählerini, baglaryny we alleýalaryny her hili pürli hem-de owadan agaçlar bezeýär. Bu ýerde tuýanyň birnäçe görnüşi, dagdan, derek, leýlisaç, tut agajy gögerýär. Şäheriň käbir ýerlerinde tikenekli agaç we igde, käte bir ýerde katalpa hem-de tamarind duş gelýär. Dik we kese ösýän arça, bezeglik zirk we beýleki ösümlikler arkaly owadan landşaft kompozisiýalary döredilýär.