DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün wideomaslahat arkaly ÝHHG-ä agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Däp boýunça ýylyň ahyrynda geçirilýän iki günlük onlaýn duşuşyga Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Gün tertibine özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä derejesindäki giň gerimli meseleleriň, şeýle hem bu abraýly guramanyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň esasy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.
Şeýle hem umumy mejlisler geçirilip, şolaryň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary, ÝHHG-ä agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň hem-de gatnaşyk alnyp barylýan hyzmatdaş ýurtlaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan döwrüň möhüm meseleleri boýunça hemmetaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge pugta ygrarlydyr, şol meseleleriň hatarynda ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegi, dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagy hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy baradaky ugurlar bar.
Şu babatda-da, ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyksöýüjilik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan netijeli daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň möhüm çemeleşmeleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki halkara abraýly guramalaryň çäklerinde ençeme gezek eden çykyşlarynda beýan edilendigi bellenildi.
Şol çemeleşmeleriň esasyny bitewülik, bölünmezlik we howpsuzlyk ýörelgeleri emele getirýär. Bu bolsa biziň ýurdumyz üçin berkligi hem-de onuň syýasy, ykdysady, azyk, ekologiýa we howpsuzlygyň beýleki görnüşleri ýaly ugurlarynyň özara şertliligini aňladýar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany ählumumy pandemiýanyň ýaramaz täsirleri hem-de dünýädäki howpsuzlygyň ýagdaýy barada aýdyp, howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň bitewi strategiýasyny -- birnäçe özara baglanyşykly syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda hemişelik esasda ÝHHG-niň Merkezi hereket edýär. Şonuň bilen hyzmatdaşlykda bilelikde işlemegiň tassyklanylýan Meýilnamalarynyň çäklerinde geçen ýyllarda giň gerimli ugurlary gurşap alýan maksatlaýyn taslamalar we maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ministrler Kabinetiniň 19-njy noýabrda wideomaslahat arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň Meýilnamasyna laýyklykda, 41 taslamanyň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.
Öňümizdäki 2021-nji ýylda bolsa bu san ep-esli artar. Bilelikdäki taslamalaryň 68-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär, şolaryň 37-si – syýasy ulgama degişli, 13-si – ykdysady ugur boýunça we 18 taslama –ynsanperwer ulgama, hususan-da, bilim, ylym hem-de medeniýet ulgamlaryna degişlidir.
ÝHHG we Türkmenistan, şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak, suw hem-de umuman, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler babatda wajyp wezipeleri çözmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegini goldap çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Toplumlaýyn Ekologiýa Maksatnamasyny taýýarlamak boýunça teklip aýdyldy. Ol tebigaty goraýyş ulgamynda Guramanyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga kömek eder.
Şu ýyl Gurama başlyklyk edýän Albaniýa Respublikasy bilen bilelikde, Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça depginli işler alnyp baryldy. Şol başlangyçlar, hususan-da, ÝHHG-niň çäklerinde halkara derejesinde energetika babatda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de sebit we ählumumy energetika howpsuzlygynyň has netijeli, anyk gurallarynyň bilelikde işlenilip taýýarlanylmagyna, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary öz içine alýan şertlerinde durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşleriň möhüm ugry hökmünde durnukly ulag ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzümini—durnukly energetika baradaky Geňeşi hem-de ulag syýasaty boýunça Komissiýany döretmek baradaky teklibiniň maksadalaýykdygy ýene-de bir gezek nygtaldy.
ÝHHG-ä agza ýurtlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak hem-de parahatçylyk döredijiligiň we ýüze çykýan jedelli ýagdaýlarda umumy ylalaşygy gazanmagyň has netijeli gurallary hökmünde Bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän ornuny artdyrmak boýunça möhüm tekliplerini-de yzygiderli goldaýandygyny beýan edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda, milli Liderimiziň tabşyrmagy esasynda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň ÝHHG-niň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň mejlisinde howpsuzlyk ulgamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan strategiýasy hakynda beýannama bilen çykyş edendigini ýatlamak gerek.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gatnaşyklaryndaky islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullary giňden peýdalanmagyň wajypdygyny hem-de şoňa isleg bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň bu meseläniň çözülmegi babatdaky oňyn çemeleşmesini hem-de bu ugurda görýän anyk çärelerini makulladylar.
Şol çäreleriň hatarynda – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Halkara maslahatynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň ýörite Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda guraljak ýokary derejeli forumyň geçirilmegi ýaly çäreler bar.