MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

Şu gün Mejlisiň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy.

Bu çärä Ýewropa parlament barlaglary gullugy hem-de ylmyň we tehnologiýalaryň geljeginiň meseleleri boýunça Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlykda EI ulgamlaryny işläp düzmek boýunça toparyň wekilleri, birnäçe döwletleriň parlamentleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň dowamynda YHÖG-niň ählumumy parlament platformasynyň çäklerinde hereket etmek, ýurtlaryň parlamentleriniň emeli intellekt we öňdebaryjy sanly tehnologiýalar ulgamyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. EI-niň hukuk binýadynyň kanunçylygynyň adam hukuklaryny we demokratik gymmatlyklary hasaba almak bilen işlenip düzülmelidigi bellenildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ykdysadyýeti we döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlaryny sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, umumy ülňüleriň, şol sanda EI ulgamynyň ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny kepillendirýän ülňüleriň ulanylmagy belli bir ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz emeli intellektiň ýörelgeleriniň wajypdygyndan ugur alýar, ol ählumumy maksatlara, şol sanda durnukly durmuş-ykdysady we ekologiýa ösüşine, adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidir.

Onlaýn mejlisde emeli intellekt boýunça ählumumy parlament ulgamyny döretmegiň mümkinçilikleri, COVID-19-yň tehnologiýa gatnaşyklaryna täsiri we beýlekiler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)