RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda:

oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Daşky gurşawy goramak babatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”;

energetika ministrine “Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Elektrik energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”;

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna “Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda Suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)