TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biridigi barada aýdyp, onuň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ugurda döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi dowam edýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň we düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini artdyrmak üçin ähli tagallalar edilmelidir.
Soňra döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri, türkmen tebigy gazynyň çykarylmagyny, gaýtadan işlenilmegini hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gaz känleriniň ulanyş guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň esasynda, «Döwletabat» gaz kondensat käniniň guýularynda önümli gatlaga täsir etmek we guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gatlak basyşy pese gaçan gaz känleriniň önümliligini artdyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, käbir guýularda buraw işleriniň tamamlanyp, tebigy gazyň akymynyň alnandygy hem-de olaryň ulanyşa girizilendigi barada aýdyldy.
“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek hem-de tebigy gazyň hem-de gaz kondensatynyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak baradaky maksatnamalaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen birlikde, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny gurmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa bolan, halkara ölçeglere kybap gelýän, ýokary hilli benzin önümçiligi üstünlikli alnyp barylýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde turbalary kebşirlemek işleri ýerine ýetirildi, zerur enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, amala aşyrylmagy ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek işine, BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şertleriň döredilmegine möhüm goşant boljak TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini nygtady.
Günorta Aziýanyň ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etjek bu gaz geçirijiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam berer. Şoňa görä-de, bu ugurda dowam edýän işleriň üstünliklere beslenmegi örän guwandyryjydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatdaky işleri ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge degişli tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, döwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenar ýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Goturdepe meýdançasynda alnyp barylýan bilelikdäki işler, şeýle hem Demirgazyk Goturdepe käninde maýa goýumlary çekmek arkaly täze guýularyň onlarçasyny burawlamak hem-de ulanyşa girizmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň, nebit senagatyny öňdebaryjy, girdejili pudaklaryň birine öwürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, döwlet konserniniň ýolbaşçylary pudaklaýyn düzümleriň önümçilik wezipeleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegine, ýolbaşçylygyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň we düşewüntliliginiň yzygiderli ýokarlanmagyny gazanmagyna aýratyn üns bermelidirler diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklary berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga çagyrylan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew nebitgaz toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, meýdan geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet korporasiýasy geljegi uly günorta-gündogar we günbatar nebitgazly meýdançalarda hem-de beýleki belli ýataklaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Täze ýüze çykarylan Demirgazyk Goturdepe, Çeleken uglewodorod meýdançalarynyň önümli gatlakdan aşaky gurluşlaryny özleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, sement önümçiliginde ulanylýan demir magdanlarynyň tassyklanylan gorlary barada habar berildi. Bular baradaky maglumatlar Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine tabşyryldy. Ilatly nokatlaryň hojalyk-agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi.
TNGIZT-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu maksatnama laýyklykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýete geçmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, TNGIZT-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda nebiti gaýtadan işlemekligi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli, arassa önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak baradaky wezipeler bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, önümiň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, TNGIZT-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, gazhimiýany ösdürmek we “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ýaýbaňlandyrylan düzümini döretmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebite hem-de gaza baý bolan täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Wise-premýer şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilikde ulanmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan täze görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksadynyň baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen makroykdysady syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Milli Liderimiz nebit çykarmakda döwrebap tilsimatlary we usullary ulanmak arkaly, çykarylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmagy hem-de nebit çykaryş we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, şeýle hem nebit çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini geçirip, nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz döwrebap tilsimatlary ulanmak arkaly geologik-gözleg, seýsmiki we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, önümçilik ulgamlarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr, nebitiň düýpli gaýtadan işlenilmegi üpjün edilmelidir, çykarylýan nebit we nebithimiýa önümleriniň hili ýokarlandyrylmalydyr hem-de önümçilige döwrebap tilsimatlary ornaşdyrmak arkaly, durkuny täzeleýiş we abatlaýyş işleri geçirilmelidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň öndürijiligini we girdejilerini artdyrmagy üpjün etmegi öňde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz çykdajylaryň düzümini seljermek we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça usulyýeti ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy. Munuň özi toplumyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjünçiligini has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Baş prokuror B.Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, munuň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanyp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.