DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz MASYH Maksatnamasynyň binýatlaýyn ýörelgelerini hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalary doly goldaýar. Sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, Bitarap Türkmenistan bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşýar.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan baştutanlyk edilýän MASYH-yň Milli utgaşdyryjysy hökmündäki türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri girýär.
“COVID pandemiýasynyň soňky şertlerde adamlara niýetlenen sebit hyzmatdaşlygy” atly ministrler maslahatyna ugurdaş halkara hyzmatdaş düzümleriň wekilleri hem çagyryldy.
Forumyň barşynda şu ýyl MASYH-da başlyklyk edýän ýurduň – Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite haty, Aziýa ösüş bankynyň prezidentiniň çykyşy hem-de Bütindünýä bankynyň beýannamasy diňlenildi.
Maslahatyň gün tertibine ykdysady durnuklylygy we ösüşi, ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de iş orunlarynyň döredilmegini dikeltmek, pandemiýadan soňky döwürde MASYH-yň agza ýurtlarynyň makroykdysady mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi.
Wideomaslahata gatnaşyjylaryň garamagyna we tassyklamagyna esasy hasabat resminamalary hökmünde MASYH-yň syýahatçylyk, gender meseleleri babatyndaky baş ugry hem-de bu maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen netijeleriniň matrisasy hödürlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ylalaşykly çözmegi işläp düzmek boýunça tagallalary birleşdirmek babatynda başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitde hem-de tutuş global giňişlikde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýändigini bellemek gerek.
19-njy ministrler maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda MASYH Maksatnamasynyň baş ugruny durmuşa geçirmekde öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi, taraplaryň ýüze çykýan täze meseleleri çözmek hem-de bar bolan ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlylygy tassyklanyldy.