DIÝARYMYZYŇ WELAÝATLARYNDA BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI BINAGÄRLIK AÇYLYŞLARY
Şu gün ählihalk baýramçylygynyň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Amyderýa jülgesinde ýene-de bir döwrebap toplumy bolan ýokary hilli keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Ony Halaç etrabyndaky ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary gurdular.
Senagatçylar we telekeiler birleşmesiniň agzasy “Döwletli döwran” hojalyk jemgýetiniň täze kärhanasynyň önümçilik bölümleri bir ýarym gektar meýdany eýeleýär. Zawodyň çägi bolsa, 28 gektara ýaýylyp gidýär.
Täze kärhana kuwwatlylygy hem-de ýokary tehnologiýalylygy babatda keramiki önümleriň dünýä ölçeglerine kybap gelýän görnüşlerini çykarmak babatda Merkezi Aziýa sebitinde iň irileriniň biri bolar. Onuň önümleri içerki we daşarky bazarlara niýetlenendir. Şol önümler ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş desgalarynyň, önümçilik binalarynyň gurluşygynda, jemagat hojalygy ulgamynda giňden ulanylar.
Mälim bolşy ýaly, Lebap welaýaty gurluşyk önümçiligi üçin mineral-çig mal serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Şol sanda, diýarymyzyň gündogar sebitinde bu täze toplumyň gurulmagy-da şunuň bilen baglanyşyklydyr.
Aşgabatda geçirilen geologiýa-barlag işleri hut şu ýerde, Saýat we Köýtendag etraplarynyň çäklerinde ýokary hilli toýun palçygynyň iri ýatagynyň ýerleşendigini görkezdi. Bu toýun palçygy berk, owadan, ajaýyp hilli keramiki önüm bolan bezeg kerpiçlerini, plitkalary we beýlekileri öndürmäge ýaramlydyr.
Kärhananyň taslama kuwwaty bir ýylda 192,5 müň tonna önüm ýa-da önümleriň 80 million birligini çykarmaga niýetlenendir. Ähli önümçilik amallary doly awtomatlaşdyryldy.
Bu ýerde ýokary öndürijilikli owradyjy enjamlar hem-de täze degirmenler oturdylyp, çig malyň iň ownuk üwelen görnüşini çykarmaga niýetlenendir. Bu bolsa önümleriň berkligini, çeýeligini, hilini üpjün edýär. Şeýle hem zawodda önümçiligiň tehnologiýa yzygiderliligi, peçler, galyplaýjy we guradyjy enjamlar, degişli robotlar, ekskawatorlar we beýleki tehnikalar bar.
Ähli tehnologiki işleri dolandyrmak hem-de olara gözegçilik etmek döwrebap kompýuter ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Barlaghana önümçiligiň ähli tapgyrlarynda çykarylýan önümleriň hilini seljerer.
Ýokary öndürijilikli enjamlar we tehnikalar Ýaponiýanyň, Italiýanyň hem-de Ispaniýanyň dünýäde meşhur öndürijilerinden alyndy.
Täze senagat toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty, hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, Diýarymyzda soňky onýyllygyň içinde telekeçiligiň, orta we kiçi işewürligiň ösüş depginine we hil derejesine eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna ýardam edýändigini nygtadylar.
Türkmenabat-Kerki demir ýolundan birnäçe kilomterlikde ýerleşen zawodyň bölümlerinde we çäklerinde ekologiýa kadalary hem-de daşky gurşawy goramagyň talaplary berjaý edilýär. Dört gektar meýdanda önümçiligiň hem-de kömekçi desgalaryň töwereginde ýaşyl zolak döredildi, ýaş baglaryň müňlerçe düýbi ekildi, ulag-inženerçilik ulgamlary çekildi.
3 çalşykda inžener-tehniki işgärleriň we işçileriň hem-de hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekjek täze kärhana iş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamyna eýedir. Ýyladyşhana hojalygy, tok paýlaýjy kiçi beket, sorujy we gysyjy stansiýalar hem-de beýleki desgalar guruldy. Şolar önümçiligiň üznüksiz işini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Işgärler üçin zähmet çekmäge we durmuş taýdan oňat şertler döredildi. 3 gatly dolandyryş-durmuş toplumynda gulluk otaglaryndan başga-da, dynç alyş otagy, naharhana bar.
Açylyş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.