TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “TÜRKMENISTAN – MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝURDY” ATLY SERGI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň binasynda “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Sergä Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, bu ýurtda işleýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary, ýerli işewür toparlaryň wekilleri we ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergini Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanda halkara we ýurt derejesinde dürli çäreleriň geçirilýändigi hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine uly guwanç bilen seredilýändigi barada gürrüň berdi.
Şeýle hem serginiň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň, Iordan Haşemit Patyşalygynyň, Müsüriň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýa Federasiýasynyň, Ilçileriniň hem-de Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halkyna we hormatly Prezidentimiziň adyna wideo gutlaglar görnüşinde çykyş etdiler.
Serginiň her ekspozisiýasynyň bezeliş ugrunyň özboluşlylygyny bellemek zerurdyr. Bu ýerde Türkmenistanyň milli medeniýetini, baý taryhyny beýan edýän, halyçylyk sungatyny şöhlelendirýän foto suratlar ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryna bagyşlanyp gurnalan bölüm has hem özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri hem-de ýurdumyzda eksporta niýetlenip çykarylýan önümler barada, öndürilýän mebeller, elektron enjamlary hakynda wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem, sergide ýurdumyzyň medeniýet, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gazanan üstünlikleri barada ýörite bölüm gurnalypdyr.