TÜRKMENISTAN SEBIT ÄHMIÝETLI BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRÝÄR
Türkmenistanyň sebit düzümlerinde işjeň ornuny görkezýän täze neşirler çapdan çykdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz hemişe umumy ykrar ediden kadalaryň esasynda, taraplaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de abraýly guramalaryň gatnaşmagynda umumy gün tertibiniň meselelerine garamak we özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemek ugrunda çykyş edýär hem-de diňe ylalaşyklylygyň döwletara gatnaşyklary üçin netijeli usul bolup durýandygyny ykrar edýär.
Täze neşirler – “Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe kabul edilen resminamalar” hem-de “Hazar sammitlerinde kabul edilen resminamalaryň ýygyndysy” munuň şeýledigini yzygiderli hyzmatdaşlygyň synynyň mysalynda tassyklaýar.
Kitapçalaryň biri Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda üstünlikli başlyklyk etmegine bagyşlanýar. Munuň özi bilelikdäki işe täze itergi berdi. Ýurdumyz özüniň bu wezipesini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşdi. 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň sammiti esasy wakalaryň biri boldy.
Möhüm çäreleriň birnäçesi, şol sanda bu gaznanyň müdiriýetiniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň hem-de durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlisleri geçirildi. Şolaryň netijeleri boýunça diňe bir sebit üçin däl, eýsem, dünýäde-de uly ähmiýete eýe bolan möhüm resminamalar kabul edildi.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama Belarus Respublikasy, Gwineýa, Germaniýa, Gazagystan, Kanada, Täjigistan we Özbegistan bilen awtordaşlykda taýýarlanyldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 21 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.
2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan Aral boýunça geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň hem-de düzüminiň taslamasy hödürleniler.
Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de milli we umumy bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty gyşarnyksyz durmuşa geçirip, Hazarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşylgy pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Beýleki kitap 2007-nji ýyldan başlap Hazar sammitleriniň netijeleriniň doly syny görnüşindedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde amala aşyrylýan goşulyşmak işleriniň ählisine hem-de sammitlere we degişli resminamalary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bäştaraplaýyn sammitlere yzygiderli gatnaşmagy hem-de milli Liderimiziň Hazar meselesi boýunça anyk teklipleri, şol sanda degişli şertnamalaýyn – hukuk binýadyny kemala getirmek baradaky teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hazar sammitlerini geçirmegiň esasy Türkmenistanda goýuldy – 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Türkmen paýtagtynda başlanan gepleşikler mynasyp dowam etdirildi: onuň netijeleri degişlilikde 2007-nji, 2010-njy, 2014-nji we 2019-njy ýyllarda geçirilen Tähran, Baku, Astrahan, Aktau sammitlerinde kabul edilen möhüm çözgütleriň özenini düzdi. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy sammitiniň hem Türkmenistanda geçiriljekdigini ýatlatmalydyrys.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazarda hyzmatdaşlyk boýunça möhüm resminamalar taýýarlanyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşyk, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyk bar.
2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi bu işiň dowamy boldy. Şol forum milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Awazada guraldy.