RESMI HABAR
“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda”göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.