ÝAŞ ESTRADA AÝDYMÇYLARYNYŇ “ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY” BÄSLEŞIGI JEMLENDI

Paýtagtymyzda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş estrada aýdymçylarynyň bäsleşigi ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmäge hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine, zehinlileri ýüze çykarmaga we goldamaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ruhubelent ýaş nesli Watanymyzyň bagtyýar geljegi hasaplaýar we şu maksada ugrukdyrýar.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik welaýatlaryň derejesinde saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar. Abraýly emin agzalary bäsdeşleriň arasyndan aýdym aýtmak babatda has tapawutlanan aýdymçylary seçip aldy.

Soňra bäsleşigiň nobatdaky tapgyry başlandy. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylara bagly boldy. Ýaş aýdymçylara köpsanly tomaşaçylaryň öňünde --“Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligi döredildi.

Şol döwürde teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler ýaş aýdymçylaryň çykyşlary arkaly olaryň zehinine baha bermek hem-de SMS habarlarynyň we telefon jaňlarynyň kömegi bilen ol ýa-da beýleki ýerine ýetirijä öz sesini bermek mümkinçiligine eýe boldular. Bu çäräniň dowamynda oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna ýardam etdi. Olaryň iň gowularynyň onusy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin seçilip alyndy.

Olar aýdym-saz teleýaýlymynyň uly studiýasynda baýramçylyk lybasyna beslenen sahnada özleriniň ukyp-başarnygyny hem-de zehinini görkezmäge çalyşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de, bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi emin agzalaryna aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi.

Aýdym-sazly bäsleşik birnäçe sagada çekdi, onuň barşynda ses bermek dowam etdirildi.

Ses bermek tamamlanandan soň, alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bäsleşigiň bütin dowamynda öňdeligi ynamly eýelemegi başaran ýaş zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem, emin agzalary hem sesleriniň köpüsini oňa berdiler.

Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy. Türkmen aýdym-saz sungatynyň sahna ussatlary ýaş artiste döredijilik ösüşini, täze gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Çykyş edenler bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde, döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ýaş türkmenistanlylarda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)