TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky işini tamamlap gelýän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilen Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşler adamzadyň saglygyna howp salýan wehimler bilen göreşmekde möhüm orny eýeleýän BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň ähmiýetini nygtap geçdiler. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň BSGG-niň işine mundan beýläk-de goldaw bermäge ygrarlylygy tassyklanylyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-niň howandarlygynda degişli halkara gurallaryň işlenilip taýýarlanylmagy we işe girizilmegi baradaky başlangyçlary aýratyn bellenildi.

Türkmen tarapy hanym Karwowska Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine, şol sanda milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine goşan şahsy we hünär taýdan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Öz adynda aýdylan mähirli sözler we arzuwlar üçin sag bolsun aýdyp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy özüniň ynsanperwer işiniň ýerine ýetirilmeginde beren goldawlary üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)