TÜRKMENISTANYŇ BIRINJI SYNP OKUWÇYLARYNA TÄZE ÝYL MYNASYBETLI KOMPÝUTERLER GOWŞURYLDY
Şu gün paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.
Noutbuklara ýüklenen programma dürli öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär. Mundan başga-da, täze kompýuterler olaryň eýeleriniň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öndürildi we lukmançylyk talaplaryna kybap gelýär.
Bu sowgatlaryň däp boýunça geljege iň oňat umytlar baglanyşdyrylýan baýramçylygyň öňüsyrasynda gowşurylmagynyň çuňňur manysy bardyr. Ýurdumyzyň geljegi çagalardyr, şolaryň bagtyýarlygy hem biziň hakyky güýjümizdir we şöhratymyzdyr. Oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň şatlyga beslenen ýüzleri Watanymyzyň gülläp ösmeginiň alamaty bilen birlikde, geljekki üstünliklerimiziň hem girewidir.
Umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de çuňňur ynsanperwer milli däplere daýanýan durmuş ugurly döwlet syýasaty doly derejeli ösmegi we köptaraply zehinleriniň ählitaraplaýyn açylmagy üçin hemme mümkinçilikler döredilen ýaş türkmenistanlylaryň bähbitleriniň ileri tutulýandygyny kesgitledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň sazlaşykly ösmegi we bilimi baradaky alada ilkinji nobatdaky wezipeleriň derejesine çykaryldy. Şol wezipeleriň çözülmegine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berýär.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan hem-de gurulýan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, döredijilik ugurly ýöriteleşdirilen okuw mekdepleri, ajaýyp çagalar sagaldyş merkezleri, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, teatrlar, seýilgähler hem-de medeni dynç-alyş merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär. Şol işler ýaş türkmenistanlylara iň ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde bilim almaga elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesillerimiziň işleriň dürli ugurlarynda ýokary üstünlikleri gazanmaklary üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýyl birinji synp okuwçylaryna özbaşdak kompýuterleri 2011-nji ýyldan başlap sowgat berýändigini bellemek gerek.
Bu meseleleriň örän ähmiýetlidigine häzirki dabaralara Mejlisiň deputatlarynyň, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň we partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem çagalary Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba we onuň owadan agtygy Garpamyk gutladylar.
Çagalar myhmanlar üçin ajaýyp çykyşlary taýýarladylar. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyza, hormatly Prezidentimize bagyşlanylan aýdym-sazlar hem-de goşgular ýaňlandy. Birinji synp okuwçylar sowgada tüýs ýürekden şatlanyp, noutbuklary hoşallyk bilen kabul etdiler.
Dabaralara gatnaşanlar alyp barýan döredijilik we parahatçylyk syýasaty, zähmet çekmäge hem-de okamaga döredilýän şertler, çagalar baradaky hemişelik aladasy we ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli iň päk arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny aýtdylar.
Bagtyýar çagalaryň ýüzlerindäki şatlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň iň oňat subutnamasydyr, umytlarymyz, ýagty geljegimiz bolan Diýarymyzyň ýaşajyk raýatlarynyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýänleriň ählisi üçin sowgatdyr.
Täze ýyl başlanýança kompýuterleri sowgat gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mekdeplerinde hem geçiriler.