TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA ELEKTRIK ENEGIÝANYŇ EKSPORT MÖÇBERINI ARTDYRMAGY DOWAM EDÝÄR

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky degişli şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça gatnaşyklaryň şertnama-hukuk esaslaryny berkidýärler. Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň arasyndaky bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň gurluşygynyň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegine itergi berjek birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag we beýleki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de Owganystanyň we umuman sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen infrastruktura taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmäge Türkmenistanyň ygrarlydyny bellemek gerek.

Türkmenistan goňşy ýurduň durnukly ösüşine uly ähmiýet berýär we onuň ösüşiň parahatçylykly akymyna integrirlenmegi babatynda doganlyk raýdaşlygyny we netijeli goldawlaryny berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)