«MEN SIZE GÜLKÜMI GOÝÝARYN...»

«Özümden göwnihoş bir işim, olam adamlary güldürmegi başarynlygym...» - diýip kinematografyň uniwersal ussady, dünýä kinosynda iň belli keşpleriň birini – gysga metražly komediýalarda peýda bolan sergezdan Çarliniň keşbini döreden Çarli Çaplin aýdyp geçipdi.

Çarli Çaplin – kino genisi we XX asyryň ajaýyp şahsyýeti. Adamlaryň millionlarçasy, kinotomaşaçylaryň nijeme nesli Çarli Çaplin bilen birlikde hem güldi, hem aglady! Bu üýtgeşik adama we aktýora geniý diýilmeginiň sebäbi onuň özi hem muny aňman, adatylygyň çäginden çykyp, wagtdan belende galmagy, gülkünç zadyň gussaly, ýönekeýligiň ýiti sosial häsiýete eýe bolýan göze ilmez çäginden geçmegi başaranlygynda bolsa gerek.

Onuň filmleri tomaşaçylaryň üç nesline «deň mümkinçilikler» jemgyýetinde adamzat durmuşynyň gapma-garşylyklylygyny açyp görkezdi, diňe bir güldürmäni we aglatmany, eýsem oýlanmaga hem mejbur edipdi... Hut şonuň üçinem adamzat «gülkünç», geňräk, hiç wagt ruhdan düşmeýän Çarlä minnetdardyr...

Ženewa kölüniň demirgazyk kenaryndaky Korsýe-sýur-Wewe şäherjiginde jenap Çarli – dünýäde iň meşhur adamlaryň biri Çarlz Spenser Çaplin bagtyýar ýaşaýardy. Bu londonly «garagola» gelýän hatlaryň sany-sajagy ýokdy. Şu üýtgeşik haly welin has uzak ilden gelipdi.

Täze surat barada pikir gowy kitaplary tutuş maşgalamyz bolup sesli okanymyzda döreýärdi. Kino sungatyna muşdak biziň maşgalamyz Çarli Çapliniň terjimehaly bilen tanşanda hem şeýle boldy. Giç agşama çenli ol barada pikir alşardyk. Çapliniň ajaýyp geçmişine minnetdarlygymyzy biragyzdan özümizçe beýan etmek isledik. Haly dokaly diýen pikire geldik. Olardan iň gowusyny saýlaýançak ençeme eskiz taýýarladyk.

Men öý işlerimiň ählisini dynyp, haly dokamaga girişýärdim, günsaýyn işimiz ilerleýärdi. Dynç alyş günlerimiz we elimiz boşan dessine adamlara gülki paýlan tanymal aktýora sowgat taýýarlaýardyk.

Bu haly beýlekilere diňe gaýmasy babatda meňzeşdi. Onuň düşeginde türkmen gölleriniň arasynda kinolentalaryň zolaklarynyň fonunda saçy çalaran, durmuşa parasatly garaýan beýik artist Çarlz Spenseriň portreti, onuň gapdalynda bolsa, kinokamera we yklymlaryň sudury, ol beýik wäşiniň we halklary birleşdirän sungatyň nyşany şekillendirlendi.

Halynyň merkezinde söýgüli filmlerimiziň gahrymany edil diri ýaly, gözleri gussaly, eli bambuk hasalyja, çotgajyk ýaly murtlyja, başy sümmek şlýapy Çapliniň keşbi şekillendirilendi.

Çaplin sowgady «SSSR-Şweýsariýa» jemgyýetiniň üsti bilen 78 ýaşynyň dolan güni alýar. Şondan birnäçe günden soň Çarlz Spenser Çaplinden Aşgabada indi maşgalamyz üçin gymmatly zat bolup galan hat geldi. Onda: «Siziň ajaýyp sowgadyňyz meni tolgundyrdy, indi ony Siziň mähirliligiňiziň we hoşamaýlygyňyzyň nyşany hökmünde saklaryn» - diýip ýazypdyr. Hatyň soňunda hem: «Siziň maşgalaňyza söýgi bilen, Çarlz Çaplin» - diýlip sadaja gol çekilipdir.

Bu setirler ajaýyp zehini bilen dünýäni özüne maýyl eden dil ýarmany ähli zady aýdyp bilen ajaýyp artiste degişlidi. Biziň päkýürek sowgadymyz oňa şeýle bir täsir edipdir we ony ruhlandyrypdyr welin, ol Rejebowlara ýazan hatynda öz haly portretiniň «meniň geljekki uzak wagtlap dowam etmegi niýetleýän işim üçin ylham çeşmesi bolar» - diýip ýazypdy.

Juma Rejebow köpsanly haly-portretleri bilen uzak döredijilik ömrüni öz halan işine – halyçlygy ösdürmäge bagyşlap, türkmen haly sungatynda şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutup, haly portretleriň Ussady diýen ada mynasyp boldy. Ol haly portretleriniň eskizini taýýarlanda şekillendirilýän şahsyýetiň özüne mahsus häsiýetini bermäge çalyşýardy. Şunda dekoratiw, şeýle hem şekillendiriş sungatyna mahsus çeper serişdeleri ýerlikli ulanmagy başarýardy.

Biziň başlan halymyzy çitýän döwrümizdäki üýtgeşik bir pursat asla ýadymdan çykmaýar. Kakam, hemişekisi ýaly, Çarli Çapliniň «Terjimehalym» atly galyň kitabyny sesli okap bererdi. Ol aktýoryň garyplykdan ejizlän döwri duşan bir sygan aýalyň soňkuja bir dollaryna pal atyp, onuň dünýäde iň baý adam boljakdygyny aýdan ýerine ýetende kakamyň damagy dolup, ondan aňyrsyny okap bilmedi. Ejem ikimiz halydan başymyzy galdyryp, kakama bakdyk. Ol gaty sada we duýgur adam ekeni! Onuň Çapliniň garyp ýaşanyna nebsi agyrypdyr, ýogsa bizem garyp ýaşasagam söýgüli artistimiziň keşbini halyda müdimilik galdyrmagy niýet edinipdik. Ol özüniň haýran galdyryjy zehini barada dil ýarmany, beýleki adamlaryň zehinine sarpa goýmagy başarýardy!

Rejebowlaryň sungaty –Çapliniň aýdyşy ýaly, «ajaýyp we gaty üýtgeşik peşgeşi» -- türkmen halyçylygynyň iň ajaýyp ýörelgelerini we hakyky täzeçilligi özünde jemläpdi. Juma Rejebow müňlerçe ýyllap özgärmen gelen gölleri üýtgedip, ilkinjileriň biri bolup ýordumly halyçylygyň düýbüni tutupdy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)