TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DIPLOMATIK DÜZÜMINIŇ DUAÝÝENI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olaryň ählisine berk оan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat, maşgala abadançylygyny we hoşniýetlilik arzuw etdi.
Prezident dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Ol ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygyny belläp geçdi.
Şeýle-de BMG-niň degişli Kararnamasy arkaly Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen geljek ýylyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident dostlukly döwletleriň ýolbaşçylaryna şeýle möhüm Kararnamanyň kabul edilmegine beren goldawlary üçin minnetdarlgyny bildirdi.
Öz gezeginde, Ilçi A.Blohin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ähmiýetini belledi. “Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty sebitleýin durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup, parahatçylykly gepleşikleriň geçirilmegi we beýleki döwletleriň hyzmatdaşlygy üçin oňyn esaslar döretdi” diýip duaýýen belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň ilerledilmegine goşan şahsy goşandyny nygtap geçdi.
Ilçi A.Blohin Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, öz adyndan hem-de diplomat kärdeşleriniň adyndan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuwlaryny beýan etdi.