KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gönükdirilen işinde üstünlik gazanmagyny we belent sepgitlere ýetmegini arzuw etdi.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýanyň arasynda dürli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini belläp geçdiler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli esasda geçirilýän gepleşikleriniň netijeli özarahereketleriň ösdürilmegine we has-da pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi bellenildi. Şunlukda, 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu çäräniň dowamynda türkmen döwletiniň hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarynyň giňeldilmegi baradaky esasy nukdaýnazarlary beýan edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda halkara meýdançalaryndaky, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Diplomatlar söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Hyundai Engineering» we «LG International» ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky köp ýyllyk işjeňliginiň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da IT infrastrukturalary, energetika we zamanabap tehnologiki çözgütler ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parlamentariýleriň, ylmy toparlaryň we işewürlik-düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy beýan edildi. «Merkezi Aziýa - Koreýa» hyzmatdaşlyk boýunça Forumyň hem-de «Merkezi Aziýa - Koreýa» Işewürlik geňeşiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistandaky Koreý diliniň öwrenilmegi boýunça Patyşa Sejong adyndaky Okuw merkeziniň ähmiýeti hem aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Şin Song-çol Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)