TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY GFR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ OWGANYSTAN WE PAKISTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berdiler.
Sebit derejesinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrundaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi, hususan-da Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagynyň prosesinde özara hereketleriň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Ilçi Potzel Owganystanyň ýakyn goňşularynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny belläp geçdi we onuň bu ýurtda parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ilerledilmegi babatynda sebit we halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça işjeň gatnaşyklary dowam etmek dogrusynda ylalaşdylar.