2021-NJI ÝYLYŇ ŞYGARY DABARALANDYRYLÝAR
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki “Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!” atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi.
Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu kompozisiýa türkmen halkynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy. Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli Liderimiziň tagallasy bilen ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi we ägirt uly halkara abraýa eýe boldy.
Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada 2021-nji ýylyň şygarynda döwletimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlary, Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň, milli taryhy-medeni gymmatlyklara ygrarlylygynyň öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.
2021-nji ýylyň şygaryny alamatlandyrýan şekilde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlary we halkara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen hemişelik bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik orny aýdyň görünýär.
Şeýle hem dabarada çykyş edenler şu ýylyň şygarynyň milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary bilen utgaşýandygyny nygtadylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu gurama agza döwletleriň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän teklipleri ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň bähbidine dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
2021-nji ýylyň şygarynyň türkmen halkynyň milli ýörelgelerine hem-de onuň taryhy we medeni dessurlaryna gabat gelýändigi bellenildi. Çykyşlarda bu şygaryň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn içeri we daşary syýasatynyň, parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýändigi, onuň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydygy nygtaldy.
Ýurdumyzda «Halypa» diýlip ýüzlenilýän döredijilik adamlaryna uly hormat goýulýar. Olar dabaraly çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň hoşniýetli erki bilen şu ýylyň şygarynyň yglan edilmeginiň türkmenistanlylaryň watansöýüjilik ruhunyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan işlere dahylly bolmaga we oňa mynasyp goşant goşmaga höwes döredýändigini nygtadylar.
Şeýle hem çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu ýylyň şygarynda ýaş nesilleri «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan» diýlip atlandyrylýan Watanymyza ägirt uly buýsanç, söýgi hem-de hormat duýgulary esasynda terbiýelemegiň we asylly ýörelgeleriň nesilden-nesle geçýändiginiň aýdyň mysaly beýan edilýär.
Türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ägirt uly işleri bitirýän, ählumumy parahatçylyk döredijilik işinde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy. Çärä gatnaşyjylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bellenilýän bu ýylda döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň giň möçberli täze üstünliklere beslenjekdigini nygtadylar.
2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary paýtagtymyzyň teatrlarynyň, halk we estrada ýerine ýetirijileriň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly aýdym Garaşsyz Watanymyza, parahat, dostana ýurdumyza bagyşlanan sena bolup ýaňlandy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.