«SYÝASAT WE JEMGYÝET» ŽURNALY
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy.
Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanmak arkaly däp bolan bu gatnaşyklar häzirki döwürde ählumumy maksatly möhüm meseleleri öz içine almak bilen, çäklerini barha giňeldýär.
Bu gün Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň alty wekilhanasy netijeli işleýär. Olar BMG-niň Çagalar gaznasyndan, Ilat gaznasyndan, Ösüş maksatnamasyndan, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirlikden, Halkara migrasiýa guramasyndan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ybaratdyr.
Mundan başga-da, BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek baradaky müdirligi, Azyk we oba hojalyk guramasy, Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissaryň müdirligi, Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Halkara söwda merkezi ýaly taslama we maksatnama edaralary hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň giň goldawyna eýe bolan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidilen möhüm başlangyçlarynyň we täze teklipleriniň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şolar sebit we ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm ugurlaryndaky netijeli halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Birnäçe makalalar Bitarap Türkmenistanyň köptaraply öňüni alyş diplomatiýasynyň täzeçilligini beýan edýär. Şeýle hem şolarda ýurdumyzyň toplan tejribesi we häzirki zaman daşary syýasy strategiýasy barada gürrüň berilýär. Bu bolsa üçünji müňýyllygyň halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Makalalaryň birinde hemişelik oňyn Bitaraplygyň türkmen usulynyň özboluşlylygyna syn berilýär. Okyjylar taryha gysgaça syýahat etmäge hem-de beýik Seljuklar döwletinde diplomatiýanyň orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan mowzuklaryň hatarynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly ulgama geçmek ýaly ugurlar boýunça gürrüň berýän makalalar bar. Halkara häzirki zaman maglumat we aň-bilim gurşawynyň döredilmeginde sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasynyň wajypdygy bellenilip, elektron serişdelerde okatmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini baýlaşdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de usullaryny kämilleşdirmek ugurlaryny ösdürmekde onuň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.
“Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýene bir makalasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu günki gün ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda tanalýar.
Bu üstünlik anyk hasaplamalara, zähmet we tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, halk hojalyk toplumynyň köpugurly esasda ösdürilmegine esaslanýan ykdysady strategiýanyň netijesinde gazanyldy.
Žurnalyň jemleýji sahypasynda ýerleşdirilen bezegli şekiller we suratlar şäherlerimiziň hem-de obalarymyzyň şu günki keşbine, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine we ýeten derejesine hem-de medeniýetde, sportda we syýahatçylykda gazanylýan üstünliklere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.