TÜRKMEN-HINDI SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we halkara gün tertibine degişli bolan, şol sanda Owganystan bilen bagly meseleler dogrusynda pikirleri alyşdylar, hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Bu ugurda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenildi, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň netijeliligi, şonuň ýaly-da halkara düzümleriniň çäklerindäki başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy aýratyn nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň jemleri boýunça iki dostlukly döwletiň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky däp bolan özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek babatynda ylalaşdylar.

Sebit ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirleriň alyşylmagy, şeýle hem umumy ähmiýeti bolan köpugurly takyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli halkara meýdançalary bolup çykyş edýän «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň we «Hindistan – Merkezi Aziýa » Işewürlik Geňeşiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Mazmuna baý söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara türkmen-hindi toparynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Hindistanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi, şonuň ýaly-da kiberhowpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek meseleleri we özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlar boýunça türkmen hem-de hindi bilermenleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy hem nygtaldy.

Ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda maýa goýum hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek babatynda hindi tarapynyň esasy gatnaşyjysy bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy aýratyn nygtaldy we onuň depgininiň soňky döwürde ähmiýetli derejede işjeňleşdirilendigi hem bellenilip geçildi.

Türkmen tarapy öz nobatynda Hindistany Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegi maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Diplomatlar şeýle-de pandemiýadan soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli dowam edilmegi üçin täze çemeleşmeleriň gözleglerinde özara hereketleriň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Nobatdaky geňeşmeleriň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky konsullyk meseleleri dogrusynda hem pikirler alyşyldy, şonuň ýaly-da özara hereketleriň beýleki derwaýys meselelerine-de seredildi.

Bu ugurda energetika, maglumat tehnologiýalary, ulag-kommunikasiýa infrastrukturalary, ýeňil senagat, medeniýet we syýahatçylyk, ylym we bilim, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamlary özara bähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)