“AKINA-ANDHOÝ” DEMIR ÝOL LINIÝASY IŞE GIRIZILDI

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.    

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams dabara gatnaşyjylara gurluşyk işleri barada aýdyp berdiler.

A.Atamyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birikýän Akina-Andhoý demir ýol şahamçasynyň Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup, Lazurit (Lapis-Lazuli) geçelgesiniň wajyp bölegi boljakdygyny belledi. Ol bu taslamany amala aşyrmagyň üstünde yhlas bilen zähmet çeken türkmen we owgan demirýolçylarynyň sazlaşykly işi hakynda gürrüň berdi. Döwlet baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu we beýleki ugurlaryň, giň gerimli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmek bilen birlikde hem Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge itergi berýändigi hem bellenilip geçildi.      

Açylyş dabarasynda çykyş edip, Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams ulag ulgamynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny nygtady. Ýamma Şams bu taslamany durmuşa geçirmekde beren kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol, täze iş ýerlerini döretmek we Owganystanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek bilen, bu demir ýoluň netijeliliginiň geljekde hem ösjekdigi barada belledi. Şunlukda, Akina-Andhoý demir ýoly Owganystanyň ykdysady ösüşi, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina-Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine ak patalaryny berdiler.    

Bu demir ýol şahamçasynyň açylyşy Türkmenistanyň eksport önümleri ýüklenen 20 wagondan ybarat demir ýol düzümiň Akina bekedinden Andhoý şäherine tarap ugradylmagy bilen dabaralandyryldy. 

Dabaranyň ahyrynda desganyň gurluşygynda yhlasly zähmet çeken türkmen we owgan demirýolçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.      

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina-Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň 2019-njy ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilendigi hem bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)