BAZALT SÜÝÜMINIŇ GIŇ GERIMI
Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Gadamow Türkmenistanyň günbatar sebitlerindäki ýanardag gelip çykyşly bazalt magdanynyň ummasyz gorlary kompozit serişdeleri öndürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar diýip pikir edýär.
Alym ýerli çig maldan önümleriň ençeme görnüşini, şol sanda – armatura, profil turbalary, dispres-armirlenen öýjükli beton diwar bloklary we beýleki önümleri taýýarlamakda ulanylyp boljak üznüksiz bazalt süýümleriniň önümçiligini guramagy teklip edýär.
Alymyň pikirine görä, üznüksiz bazalt süýüminden taýýarlanylýan kompozision armaturanyň himiki taýdan berkligi betonlar we asfaltbetonlar armirlenende betonyň dargamaga durnuklylygyny has-da güýçlendirer. Özi-de bazalt süýüminden taýýarlanan bir tonna önüm 8-10 tonna polat armaturanyň ornuny tutup biler.
Ýerli dag magdany betona, çerepisa, ýanýoda plitkalaryna, asfalta, demir ýol şpallaryna we beýleki esasy serişdä az-kem armirleýşi goşundy talap edilýän kompozit gurluşyk serişdelerine goşundy hökmünde giňden ulanylar. Mundan başga-da, bazalt süýümleri awtoulag togtadyjylarynyň ulanylyş möhleti möhleti uzaýan kolodkalarynyň we nakladkalarynyň önümçiliginde işjeň ulansa bolar. Magdanyň üstüniň himiki taýdan işlenilmegi ony awtoulag şinalarynyň kordy hökmünde ulanmaga, şeýle hem has gymmat kewlara derek ok geçmeýän gurşakçalar taýýarlanylanda ulanyp bolar.
Bazaltyň epoksidler we beýleki polimer serişdeler bilen pugta baglanşygy plastik armatura, dürli gurluşyk profilleri, turbalary we torlary önümçiliginde netijeli ulanylyp bilner, bazalt süýüminiň uglerod bilen gowy sazlaşygy gibrid materiallary döretmekde giň mümkinçilik açýar, olaryň çeýelik moduly we beýleki sypatlary bazaltyň häsiýetini has-da ýokarlandyrar. Şunlukda, şol gibrid önümçiligine çykdajylar az bolar.
Üznüksiz bazalt süýümi täze görnüşli süýümdir. Onuň sypatlary 65-70 göterim başlangyç çig mala bagly, degişlilikde 30-35 göterimi önümçilik tehnologiýalaryna, tehnologik enjamlara we ulanylýan çalgylaryna degişlidir.
Üznüksiz bazalt süýüminiň ilkinji senagat önümçiligi geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalaryna ýola goýuldy. Geçen döwürde bu süýümi almak üçin enjamlaryň dört tapgyry döredildi. Munuň özi önümiň ulanylyş sypatlaryny gowulandyrmaga we onuň önümçiliginiň özüne düşýän gymmatyny has arzanlatmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, daş çig malyny senagat derejesinde gaýtadan işlemegi ýola goýmaga mümkinçilik beren amaly we önümçilik binýady döredildi.
Häzirki wagtda bazalt süýümi esasynda serişdeler we önümler önümçilginiň çägi has-da giňedi. Olar awtoulag gurluşygynda, energetikada, himiýa we nebithimiýasy senagatynda, metallurgiýada, oba hojalygynda, gidrotehnika gurluşygynda, port desgalarynyň, deňiz platformalarynyň, köp gatly jaýlaryň we möhüm senagat desgalarynyň, köprüleriň, tonnel bentleriniň, demir ýollaryň gurluşygynda ýangyna garşy serişdeler hökmünde ulanylýar.
Serişdäniň arzanlygy, ýönekeýligi we ygtybarlylygy, ulanmakga ýeňilligi – bu ýagdaýlar ýakyn ýyllarda ony innowasion serişdeden giňden ulanylýan haryda öwürmäge ýardam eder.